Gaz geçirijiniň durky täzelenýär

Gaz geçirijiniň durky täzelenýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary ýene-de bir möhüm buýurmany — Döwletabat — Derýalyk ýokary basyşly gaz geçirijisiniň bir şahasynyň 60 kilometre barabar böleginiň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirýärler. Şu döwre çenli turbalary kebşirlemek bilen baglanyşykly işleriň 60 göterimden gowragy berjaý edildi. Gurluşykçylar bu işler bilen birlikde turbalaryň daşyny arassalamak we ýörite örtük bilen örtmek işlerini hem ýerine ýetirýärler.

Gurluşyk guramasynyň ezber işgärleri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän toplumyň möhüm desgalaryny gurmakda öz saldamly goşandyny goşýarlar. Täze ýerde arman-ýadaman zähmet çekýän gaýratly gurluşykçylaryň arasynda Nurmyrat Annaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň agzalary hem bar. Olar kärdeşleri bilen egin-egne berip zähmet çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginde işleriň esasy bölegini üstünlikli tamamladylar. Nurmyrat Annaýew ýakyn geljekde halkara ähmiýetli taslamanyň möhüm böleginde synag işleriniň geçirilmegine garaşýandyklaryny, häzirki günlerde bolsa öz toparynyň agzalarynyň ýokarda ady agzalan gaz geçirijiniň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň araçägindäki böleginde tutanýerli zähmet çekýändiklerini gürrüň berdi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993