Nebitgaz toplumynyň durnukly işi üpjün edildi

Nebitgaz toplumynyň durnukly işi üpjün edildi

«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar: şu ýylyň sekiz aýynda 2 million 600 müň tonnadan gowrak nebit çykarylyp, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 500 müň tonna golaý köp boldy. Daşary ýurt kompaniýalarynyň goşandyny nazara alanyňda, ýer astyndan 6 million 400 müň tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty çykaryldy.

Gaz pudagynyň kärhanalary meýilnama boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmegi başardylar. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri tebigy we ugurdaş gazyň 45 milliard kubmetre golaýy çykaryldy. «Mawy ýangyjyň» 22,6 milliard kubmetrden gowragy eksporta ugradyldy. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda suwuklandyrylan gazyň 150 müň tonnadan gowragy öndürildi, bu 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda 23 müň tonna köpdür.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993