Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Türkmenistanda tebigatdan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ulgamynda «Tebigaty goramak hakynda» we «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň aňry-çäk rugsat edilen şertleri, tebigaty goramak babatda düzgünleri has-da berkidýär.
Bu ýörelgeler adamyň mekan tutan ýeri hökmünde daşky
gurşawy we onuň ekologik ulgamynyň durnuklylygyny gorap saklamakdan, ýaşamak
üçin amatly gurşawyň bolmagy barada raýatlaryň hukuklaryny üpjün
etmekden, tebigaty goramak babatda milli, döwletara we halkara bähbitleri
utgaşdyrmakdan we tebigaty goramak barada kanunlaryň talaplaryny berjaý
etmekden ybarat bolup durýar.