Bilimler we talyp ýaşlar güni ýetip geldi. 1-nji sentýabrda kalplary joşgunly mekdep okuwçylary bilim ojaklaryna dolýar. Olaryň arasynda birinji synpa barýan çagalar hem bar. Biziň kärhanamyzyň işgärleriniň perzentleriniň hem 180-den gowragy ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätleýär. Biz olar üçin özboluşly sowgat taýýarladyk, olara mekdep goşhaltalaryny hem-de okuw esbaplaryny gowşurdyk. Şeýle işiň indi bizde asylly däbe öwrülendigini aýratyn belläsim gelýär.
Şu ýerde ýene bir zady nygtamak artykmaçlyk etmez. Işgärlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky alada ýokarda beýan edilenlerden üzňe däl. Çünki maşgala abadançylygy — döwletimiziň uly baýlygy. Şu hakykatdan ugur alyp, kärhanamyzda işgärleriň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Geçen ýyllarda maşgalalaryň ýüzlerçesi ähli amatlyklary bolan jaýlara göçüp baryp, jaý toýlaryny tutdular. Olarda ene-atalary bilen bilelikde çagalar hem bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýarlar. Geljekde şeýle maşgalalaryň sany ýene-de artar. Häzirki wagtda kärhanamyzyň işgärleri üçin dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Kärhanamyzyň ýolbaşçylygy gurluşyk-gurnama işleriniň öz wagtynda tamamlanmagy ugrunda ýakyndan alada edýär. Kaşaň ýaşaýyş jaýynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi nebiti gaýtadan işleýjileriň şanly ýyldaky toý şatlyklaryny goşalandyrar.