«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Konserniň burawlaýjylarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky ýedi aýlyk iş meýilnamasyny 186,4 göterim amal etmegi başaran kärhanada, häzirki günlerde hem kämil önümçilik enjamlaryna we tehnikalaryna başarjaň erk edilip, belent sepgitlere tarap ynamly gadam urulýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm pudagy düýpli ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz Diýarymyzdaky uglewodorod çig malyna baý ýataklardan çykarylýan nebitdir gazyň möçberini yzygiderli artdyrmak pudagyň baş wezipesi bolup durýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak we olary senagat taýdan özleşdirmek meseleleri öňe sürülýär hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary öz mynasyp beýanyny tapýar. Häzirki wagtda nebitgaz ýataklarynyň 30-a golaýynda iş alyp barýan konserniň düzümine nebiti, gazy, ugurdaş gazy we gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly ugratmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy hem-de beýleki möhüm wezipeleri üpjün edýän onlarça kärhana girýär. Şolaryň biri hem gürrüňini edýän Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirlikdir.