Aýdyň maksatlara tarap

Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýlaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda egin-egne berip, agzybir zähmet çekýärler. Edermen burawlaýjylarymyz üstümizdäki ýylyň ýedi aýynyň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýagny, meýilnama boýunça 30 müň 761 metr çuňluk gazmak işleri göz öňünde tutulan bolsa, 31 müň 756 metr çuňluk gazylyp, meýilnama wagtyndan öň 103,2 göterim ýerine ýetirilip, 73 million 876 müň 245 manatlyk düýpli maýa goýumy özleşdirildi. Şeýlelikde, artyk gazylan çuňluk 995 metrden ybarat bolup, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12 müň 39 metr çuňlugyň artyk gazylyp, ösüş depgininiň 327,7 göterim bolandygyny aňladýar. Häzirki wagtda müdirligimiziň burawlaýjylary tarapyndan Altyguýy, Uzynada ýaly nebitgazly känlerinde gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda burawlaýyş işleri giň gerimde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmäge berýän uly goldaw-hemaýaty netijesinde, daşary ýurtlardan satyn alnan, halkara ülňülerine laýyk gelýän täze buraw desgalary has çuň gatlaklara ynamly aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Önümçilik işleriniň has-da sazlaşykly öňe gitmegi üçin Kärdeşler arkalaşygynyň guramasy müdirligiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde özüniň gündelik işlerini hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna we sargytlaryna laýyk derejede alyp barýar. Üznüksiz önümçilik işlerinde zähmet çekýän işgärlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak, arassaçylyk, sanitar-gigiýena düzgünleriniň talaplaryny pugta berjaý etmek ugrunda müdirligimizde netijeli işler göwnejaý ýola goýlup, işgärlerimiz agyz-burun örtükleri we beýleki zerur bolup biljek ätiýaçlyk lukmançylyk serişdeleridir däri-dermanlar bilen üpjün edildi. Halkymyzyň saglygyny goramakda agyz-burun örtüklerini ulanmagyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993