Arkalaşykly iş üstünlik getirýär

Arkalaşykly iş üstünlik getirýär

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirip we olary işläp taýýarlap, bu binýatlyk ulgamyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini gazanmakda maksada okgunly işleri bitirýär. Hormatly Prezidentimiziň öz öňlerinde goýan belent wezipelerinden ugur alýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri hem şu günler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmegi başarýarlar. Olar diňe bir şu ýylyň geçen hasabat döwründe dag jynslarynyň jemi 125,2 müň metrini gazyp, bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirdiler. Geçen ýanwar-iýul aýlarynda konsern boýunça senagat taýdan özleşdirilen ýataklardan 2 million 290 müň tonnadan hem gowrak nebitiň we 1 milliard 157 million kubmetre barabar tebigy gazyň çykarylyp, ýedi aýlyk meýilnamalaryň degişlilikde 106,7 göterim we 148,6 göterim berjaý edilmegi-de muny doly tassyklaýar. Bu ýokary netijeleriň gazanylmagynda «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleriniň mynasyp paýy bar. Kärhana boýunça gürrüňi edilýän hasabat döwründe jemi 34 müň 679 metr çuňluk burawlanyldy. Bu görkeziji 3 müň 375 metr çuňlugyň meýilnama goşmaça geçilendigini aňladýar.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, soňky ýyllarda öz ugurdaş kärhanalary bilen birlikde, «Nebitdag» buraw işleri müdirligi hem Hytaýdan hem-de Russiýadan satyn alnan täze, has kuwwatly buraw enjamlaryna eýe boldy. Ol enjamlardyr buraw desgalary 7000 metre çenli çuňluk geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge anyk mümkinçilikleri üpjün edýär. Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan «Körpeje» BIM-de bolsa geçen ýedi aýyň dowamynda Günbatar Türkmenistanyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklarynda 10 sany täze guýuda buraw işleri üstünlikli tamamlanyldy. Olaryň 8-si ulanyş maksatly guýulardyr. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe 30 müň 761 metre derek 31 müň 756 metr dag jynslarynyň burawlanmagy müdirlikde gazanylan üstünlige aýgytly täsirini ýetirdi. Burawlaýjylaryň göreldeli zähmet netijelerini gazanmaklarynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň zähmet toparlarynyň hem önjeýli goşandy bar. Konserniň düzümindäki «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirliklerini gazuw, oturtma bem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmek şu kärhananyň esasy wezipesi bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary netijesinde daşary ýurtlardan gelip gowuşýan täze turbalary gazuw işleri alnyp barylýan meýdançalara öz wagtynda ýetirmekde, ýükläp-düşürmekde zerur bolan tehnikalar bilen doly üpjün edilen müdirlikde işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýulýar. Işiň göreldeli alnyp barylmagy üçin bu ýerdäki 12,5 tonnalyk göterijiligi bolan köpri-kranlar hemişe netijeli işledilýär. Kärhanada demir ýol ulaglary arkaly gelip gowuşýan dürli ölçeglerdäki turbalary öz wagtynda düşürmekde hem-de olary kuwwatly awtoulaglar bilen degişli buraw işleri müdirliklerine ugratmakda bökdençlige ýol berilmeýär. Nebit we gaz çykarmak baradaky meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini hemişe ýokary derejede saklamak we olary toplumlaýyn alyp barmak, guýulary burawlamakda we olaryň gurluşygyna sarp edilýän möhleti azaltmak üçin zerur çäreleri üpjün etmek, turbalaryň ulanylyşynyň netijeli bolmagyna gözegçiligi pugta ýola goýmak, oturtma we buraw turbalaryny iň az zähmet hem-de maddy çykdajylar bilen ulanmaga taýýarlamak ýaly möhüm işler hut şu müdirlikde ýerine ýetirilýär. Müdirligiň bölümlerinde burawda ulanylan oturtma turbalara gaýtadan «jan» bermekde hem netijeli işler bitirilýär. Ol turbalar gaýtadan göneldilip, hyrlanyp, burawlaýjylara ugradylýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993