Žurnalyň nobatdaky sany neşir edildi

Žurnalyň nobatdaky sany neşir edildi

«Türkmennebit» döwlet
konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykyp, öz okyjylaryna gowuşdy.

Neşiriň täze sany Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Şahym Abdrahmanowyň «Buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almagyň usullary» atly makalasy bilen açylýar. Önümçiligi ýokarlandyrmakda, ýagny nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almak möhüm mesele bolup durýar. Makalada hem buraw erginleriniň ýuwdulmagyna garşy tehnologiýany işläp düzmekde amala aşyrylan we alnyp barylýan işler, buraw erginleriniň himiki düzümi we häsiýetleri, daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýerli çig mallary öndürmek, ýagny buraw erginleriniň ýuwdulmasynyň öňüni almak üçin ulanylýan kolmatantlary ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlamak, bentonitiň siňdirme häsiýetiniň guýulary arassalamakda amatly çözgütdigi we beýlekiler barada düýpli gürrüň gozgalýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993