Her gije-gündizde 400 müň kubmetre golaý tebigy gaz!
Täjibaý gaz käninden «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň
«Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň Işan
Mämmetgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň agzalarynyň burawlan
ulanyş guýusy, ine, şonça önüm berdi. Bu hoş habar şanly baýramyň —
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek
ýylynda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralarynyň toý şatlygynyň üstüni
ýetirdi.
Täjibaý soňky ýyllarda senagat taýdan işjeň özleşdirilýän gaz känleriniň biridir. Bu ýerde gazylan ulanyş guýularynyň ikisinden indi birnäçe wagtdan bäri tebigy gaz uly möçberlerde alynýar. Tiz wagtdan olaryň hataryna ýene bir täze guýy goşular. Munuň üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri degişli işlere girişdiler.