Türkmen
nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebit
pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň
öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan
ugur alyp, ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen, senagat
derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň
hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň
özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir
hatarda nebit önümçiligine has oňaýly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça bu ugurlarda uly tejribesi bolan daşary ýurtly kompaniýalar bilen
köpugurly hyzmatdaşlygyň depginini gün-günden güýçlendirýärler.
Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň Hazar deňziniň Türkmenistana degişli suw ýalpagynda ýerleşýän Jeýtun we Jygalybeg känlerinden hem-de Italiýanyň «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasynyň gury ýerde ýerleşýän Burun käninden we Awstriýanyň «Mitro International Limited» kompaniýasynyň gury ýerde ýerleşýän Gündogar Çeleken käninden ugurdaş gaz we kondensat bilen bilelikde çig nebiti çykarýandygyny bellemeli.