Möwsüme taýýarlyk ýaýbaňlanýar

Möwsüme taýýarlyk ýaýbaňlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň etrap hem-de şäher gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary sarp edijileri ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzir «mawy ýangyjyň» köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini giň gerimde alyp barýarlar.

Gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy, gaz sazlaýjy enjamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işleri müdirligiň «Ýolötenetrapgaz» gaz hojalyk edarasynda takyk hem-de sazlaşykly guralypdyr. Edaranyň gazçylary bu işleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin bejeriş, abatlaýyş işlerini ýörite düzülen meýilnama laýyklykda alyp barýarlar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993