Abatlaýjylaryň ýokary önümçilik görkezijileri

Abatlaýjylaryň 
ýokary önümçilik görkezijileri

Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň», «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň baş wezipesidir. Bu möhüm wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek anyk kesgitlenilýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň tagallaly zähmeti hem bu möhüm wezipäniň oňyn çözgüdini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şunda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda bitirilýän işler özüniň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Kärhanada zähmet çekýänler jogapkärli hünärleriň 30-a golaýyna başarjaň erk edýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylardyr slesarlarynyň, dürli gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerdäki kämil abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýy oňat önümçilik netijelerini gazanmaga hemaýat berýär. Kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlaryny, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermegi başarýarlar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993