2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň «Somo Al Mamlakah» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk guraldy.
Duşuşygyň maksady maýa goýum ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.