Şu günler ýurdumyzyň ähli başlangyç hünär okuw mekdeplerinde 2019 — 2020-nji okuw ýylynyň ahyrlanmagy bilen önümçilik okuw tejribelikleri guramaçylykly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alyp, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna zerur bolan orta bilimli hünärmenleri taýýarlamak işi täze taryhy eýýamyň möhüm wezipeleriniň birine öwrüldi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalar üçin zerur bolan orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan bilim ojaklarynyň ençemesi hereket edýär.
Şolaryň biri-de Gubadag etrap häkimliginiň garamagyndaky 3-nji başlangyç hünär okuw mekdebidir. Bu bilim ojagynda häzirki döwürde bagtyýar talyp ýaşlaryň ençemesi Özbekbaý Ýazjanow, Bazarbaý Urazmetow, Nurmyrat Saparow, Gülçire Jumamyradowa we Haýtjan Amanowa ýaly tejribeli mugallymlaryň halypalyk etmeginde elektrik ussasy, aragatnaşykçy, buhgalter, kompýuteriň operatory hem-de nebitgaz ýygnaýjy we akdyrmaga taýýarlaýjy operator hünärleri boýunça döwrebap bilim alýarlar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kompýuter enjamlaryndan we tilsimatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, hünär öwrenýän talyp ýaşlar bu ýerde ele alýan nazary, usuly we amaly bilimlerini has-da kämilleşdirmek we ylym bilen önümçilik gatnaşyklaryny utgaşdyrmak maksadynda okuw ýylynyň bütin dowamynda welaýatyň hem-de etrabyň pudaklaýyn edaralarynda önümçilik okuwlaryny hem utgaşykly alyp bardylar. Munuň özi talyp ýaşlaryň bilimler dünýäsine has-da çuň aralaşmagyna hem-de ökde hünärmenler bolup ýetişmegine getirdi. Olar okuw ýylynyň ähli möwsüminde halypa-şägirt gatnaşyklarynda bolup, hünär öwrenmek bilen birlikde, önümçiligiň dowamynda zähmeti goramak we ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi bilen hem ýakyndan tanyş boldular. Bu babatda gürrüň edilende, başlangyç hünär okuw mekdebinde nebitgaz ýygnaýjy we akdyrmaga taýýarlaýjy operator hünärini ele alýan talyp ýaşlaryň toplan baý tejribesi geljekde olaryň zähmet ýollarynda tebigy gaz, nebit we nebit önümleri bilen iş salşan pursatlary ýüze çykmagy mümkin bolan hadysalaryň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolar.