Döwrebap zähmetiň miwesi

Döwrebap zähmetiň miwesi

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiz häzirki wagtda öz ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli ulanmagyň hötdesinden gelýär. Zemin jümmüşindäki esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu möhüm çäreler «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine hem gönüden-göni dahyllydyr.

Müdirligiň iş alyp barýan Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde nebit çig malynyň gorlary az däldir. Agtaryş gözleg guýulary gazylan pursatynda alnan netijeler ýarym adanyň gündogar böleginde baý gatlaklaryň jemlenendigini doly tassyklady. Munuň özi Günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuň we has çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyndan habar berýär. Diňe bir şu ýylyň arka atylan dört aýynda «Galkynyşnebit» NGÇM-niň hereket edýän guýulardan alan «gara altynynyň» möçberi 15 müň 161 tonna barabar boldy. Bu görkeziji gürrüňi edilýän döwür üçin bellenilen meýilnamanyň 120,3 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Şonuň ýaly-da, kärhana boýunça geçen bir aýda nebit çig malyny gaýtadan işleýjilere tabşyrmagyň meýilnamasyna hem 118,2 göterim amal edildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993