Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Bu gün Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberini ýylsaýyn artdyrýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň çalt depginler bilen ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Hazar sebitiniň baý uglewodorod serişdelerini giň gerimli özleşdirmek, tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän önümçilikleriniň möçberini artdyrmak babatda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmaga, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň çykarylmagyny artdyrmaga ýardam edýär. Nebitgaz pudagynda gazanylýan bu uly üstünliklerde döwletimiziň alyp barýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek syýasatynyň hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleriniň uly ähmiýeti bar.