Mälim bolşy ýaly, Aladag-Misserian göterilme zonasy Günbatar Türkmen çöketliginiň Gyzyletrek sebitinde ýerleşendir. M.K.Mirzahanow 1962-nji ýylda «Günbatar Türkmen çöketliginiň günorta-gündogar bölüminiň we Köpetdagyň günbatar böleginiň nebitgazly geljegi» atly ylmy-barlag işinde Misserian tektoniki zonasynda ýerleşen Yzzatguly, Rüstemgala, Madaw, Benguwan, Daýandyk, Günbatar Zirik meýdançalarynyň nebitgazly geljeginiň has uludygyny belläp geçýär. Ol esasan hem, Yzzatguly meýdançasynyň struktura gurluşyny öwrenmek üçin gazylan köpsanly guýulardan nebitiň göni alamatlarynyň alnanlygyny nygtaýar.
Belli türkmen geology K.Tegelekow 1969-njy ýylda ýazan «Yzzatguly meýdançasynyň mezokaýnozoý çökündileriniň geohimiki häsiýetleri» atly ylmy-barlag işinde Aladag-Misserian zonasynyň Gyzyletrek we Gürgen bükülmelerine golaý ýerleşmegi bu sebitiň nebitgazly geljegini has artdyrýar diýip belleýär. Sebäbi nebitgazly geljegi has uly bolan Yzzatguly, Rüstemgala, Benguwan, Daýandyk, Madaw, Günbatar Madaw meýdançalarynda stratigrafiýa çuňluk boýunça dag jynslarynda epigenetiki bitum sakgyjynyň düzüminiň artýanlygy ýüze çykarylýar.