— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk taglymatynyň datly miwelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Jemgyýetimizde adamyň iň ýokary gymmatlyk hasap edilip, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän deňsiz-taýsyz aladalara biz hem mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Şonuň netijesinde ilatymyza durmuşy eşretleriň biri bolan tebigy gaz barha elýeterli bolýar — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň bölüm müdiri Geýdaýdurdy Şirinow bize alnyp barylýan gündelik işler, gazanylýan netijeler barada gürrüň berýär.
Hakykatdan-da, ýurdumyzda ynsan, onuň abadan durmuşda ýaşamagy hakynda ýadawsyz alada edilýär. Bu mesele hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda mydama ileri tutulýar we üstünlikli çözülýär. Ýokarda ady agzalan müdirligiň agzybir işgärleri yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmek bilen, ýokary maliýe-ykdysady görkezijileri gazanýarlar. Şonuň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär.