Guýularyň önüm berijiligi artýar

Guýularyň 
önüm berijiligi artýar

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinip işleýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň gazçylary geçen dört aý üçin bellenilen önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler.

— Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan berilýän kömek-goldawlar arkaly edaramyzyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Munuň özi «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerindäki işlerimiziň sazlaşykly guralyp, barha ilerlemegine ýardam berýär. Sehimize koltýubing — MKZOT enjamynyň alnyp berilmegi bilen ýerine ýetirilýän işleriň möçberi düýpli artdy. Bu ýokary tehnologiýaly enjam Belarus Respublikasynyň önümidir. Gazly guýularyň düýbüni ýokary basyş bilen ýuwup, duz, çäge çökündilerinden birkemsiz arassalaýan bu enjamyň iş öndürijiligi ýokary. Şu ýylyň başyndan bäri müdirligiň «Ýolguýy» gaz känindäki 41-nji, 47-nji guýularda hut şu enjamyň kömegi bilen olaryň düýbi arassalanyldy. Täzelikde şu enjam bilen «Galkynyş» gaz känindäki 210-njy guýynyň içki ýagdaýyny barlamak işleri ýokary hilli geçirildi — diýip, sehiň başlygy Akmyrat Şirgulyýew bizi öz işleri bilen tanyşdyrdy.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993