Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary

Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary

Bu kärhananyň derwezesi hemişe diýen ýaly açyk durýar. Sebäbi gije-gündiziň islendik wagtynda giň derwezeden köpsanly ulaglar daşary çykýar ýa-da ondan içeri girýär. Ine, sürüjileriň birnäçesi üsti ýükli awtoulaglaryna atlanyp, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ýerleşýän gaz ýataklaryna tarap ýola rowana bolýar. Ýene birleri bolsa meýdan şertlerinde işleýän gazçylary çalyşmak maksady bilen ýola düşýärler. Şeýle gujur-gaýratly adamlaryň uly topary «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulaglar kärhanasynda joşgunly zähmet çekýär. Olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň abadançylygyna hyzmat edýän tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişini artdyrmak ugrunda ýadawsyz alada edýän gaz çykaryjylaryň gazanýan zähmet üstünliklerine saldamly goşant goşmak ugrunda edýän tagallalary tüýs ýerine-de düşýär.

— Kärhanamyzda dürli kysymly ulaglaryň 300-den gowragy bolup, olaryň abat we saz ýagdaýda bolmagy, buýurmalaryň bellenilen möhletinde, gowy hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda yhlasly işleýäris. Işlerimiziň örüsi bolsa örän giň. Ol müdirligimize degişli ähli gaz ýataklaryny öz içine alýar. Sürüjilerimiziň we mehanizatorlarymyzyň maksada okgunly zähmet çekmekleri, tehnikalary abatlamak we olara talabalaýyk tehniki hyzmat etmek bilen bagly işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde ýokary netijeler gazanylýar — diýip, kärhananyň ulanyş bölüminiň başlygy Berdimyrat Mämetberdiýew bize gündelik iş-aladalary, çekýän päk zähmeti bilen adygan sürüjiler we beýleki kesp-kärli işgärler hakynda höwes bilen gürrüň berýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993