Gazçylaryň maksada okgunly işleri

Gazçylaryň maksada okgunly işleri

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şöhratly senesiniň ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek ýylynyň her bir aýyny zähmet üstünliklerine beslemek, bu taryhy senäni mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak höwesi «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary üçin hem häsiýetlidir.

Edaranyň gazçylary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji çärýegini talabalaýyk jemlemek bilen, şu günler etrabyň çäginde bar bolan bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegi ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Olar tarapyndan häzirki döwürde etrapda dürli basyşly gaz geçirijileriň 1350 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-e golaýyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Şol gaz ulgamynyň 23 kilometre golaýy ýokary basyşly, 377 kilometri orta basyşly, 951 kilometrden gowragy bolsa pes basyşly gaz geçirijilerdir.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993