«Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary işläp taýýarlamak bilen, bu pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär. Konserniň düzümine nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly ibermegi, ýataklary, gaz gysyjy we sazlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän onlarça kärhana girýär. Şolaryň biri hem konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirligidir.
Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. 2006-njy ýylyň 1-nji martynda döredilen «Burnebitgazhyzmat» müdirligi şu ýylyň başyndan bäri «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça jemi 32 müň 898 metr dag jynslarynyň gazylyp, meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilmegini başardy. Konserniň düzümindäki bu buraw işleri müdirliklerini gazuw, oturtma hem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmek bu kärhananyň hünärmenleriniň baş wezipesi bolup durýar. Turbalary gazuw işleri alnyp barylýan meýdançalara öz wagtynda ýetirmekde, ýükläp düşürmekde zerur bolan tehnikalar bilen doly üpjün edilen müdirlikde işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýulýar. Munuň üçin 12,5 tonnalyk göterijiligi bolan köpri-kranlaryň 5-si hemişe netijeli işledilýär. Olar kärhana demir ýol ulaglary arkaly gelip gowuşýan dürli ölçegdäki turbalary öz wagtynda düşürmegi hem-de kuwwatly awtoulaglar bilen degişli ýerlere ugratmagy gazanýarlar.