GADAMLARY BATLY GAZ AKDYRYJYLAR

GADAMLARY BATLY GAZ AKDYRYJYLAR

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda işleriň ýokary depginde we sazlaşykly bolmagynda möhüm ähmiýete eýe hasaplanýan iri düzümleriň biri-de «Türkmengazakdyryş» birleşigidir. Birleşigiň esasy wezipesi tebigy gaz çykaryjy kärhanalardan alynýan «mawy ýangyjy» ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly ähli welaýatlarymyza we Aşgabat şäherine akdyrmakdan ybarat. Bu işler, ýagny ilaty, edara-kärhanalary, önümçilikleri tebigy gaz bilen üpjün etmek Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça «Türkmengazakdyryş» birleşigi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary boýunça birleşigiň düzümleri bolan degişlilikde «Günbatargazakdyryş», «Daşoguzgazakdyryş», «Gündogargazakdyryş» müdirlikleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň işgärleri, hünärmenleri 10 müň kilometrden, gowrak ýokary basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz gysyjy, gaz paýlaýjy desgalaryň we beýleki müňlerçe beketleriň ygtybarly, bökdençsiz, saz we üznüksiz işlemegini üpjün edýär. «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň we onuň ýerlerdäki edara-kärhanalarynyň işi ýylyň ähli paslynda dynuwsyz dowam edýär. Güýz-gyş pasyllarynda olaryň işiniň jogapkärliligi hasam artýar. Bilşimiz ýaly, bu möwsümlerde tebigy gazyň sarp edilişi ýokarydyr. Hut şol sebäpli hem aýratyn-da güýz-gyş möwsümi bökdençlik ýüze çykmaz ýaly wagtly-wagtynda abatlaýyş işleri geçirilýär. Hatardan çykan enjamlar bejerilýär ýa-da çalşyrylýar. Gaz geçirijileriň, elektrohimiki gorag gullugynyň, gözegçilik-ölçeg enjamlarynyň we beýleki ululy-kiçili desgalaryň hemişe saz işlemegi birleşikde ýokary depgini saklamaga mümkinçilik berýär hem-de akdyrylmaly gazyň meýilnamasynyň talabalaýyk düzülendigine, güýz-gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görlendigine şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň baý gaz känlerinden çykarylýan tebigy baýlyk içerki sarp edijilerden daşgary daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu işlerde «Türkmengaz» DK-nyň beýleki düzümleri bilen birlikde «Türkmengazakdyryş» birleşigine hem uly jogapkärçilik düşýär. Bu babatda, ýagny tebigy gazy dünýä ölçeglerine laýyklykda harytlyk görnüşine getirip, daşarky bazara çykarmak üçin akdyrmakda birleşigiň tagallasy örän uludyr.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993