TÜRKMEN NEBITÇILERINIŇ INNOWASION ÜSTÜNLIKLERI

TÜRKMEN NEBITÇILERINIŇ INNOWASION ÜSTÜNLIKLERI

Türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir hatarda, nebit önümçiligine has oňaýly innowasion enjamlary, tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň depginini gün-günden güýçlendirýärler.

Uzynada meýdançasy Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşip, 1965-nji ýyldan bäri işlenip geçilýän Barsagelmez nebitgazly käniň, takmynan, 35 kilometr günortasynda Gyzylgum bükülmesiniň Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýär. Bu meýdançada ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy 1972-nji ýylda 4213 metr çuňluga gazyldy we ol çuňlukda geçirilen geologiýa-geofiziki barlaglaryň netijesinde uglewodorod doýgunlykly gatlaklaryň ýüze çykarylmandygy sebäpli, bu guýy petiklenýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993