Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi

Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi

Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanandyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşine, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993