Dünýä uzaýan ýollar

Dünýä uzaýan ýollar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Çünki häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine gös-göni täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar.

Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de durky täzelenen Serhetabat — Turgundy demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýat merkezlerindäki döwrebap howa menzilleri, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we durmuşa geçirilýän beýleki ulag taslamalary Türkmenistanyň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993