Işleriň netijeliligi ýokarlanýar

Işleriň netijeliligi ýokarlanýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ynamly gadam basdylar. Zawodyň başlygy Annatagan AMANOW bitirilen işler, 2021-nji ýylda öňde duran belent wezipeler barada gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

— Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika toplumynda hem il-ýurt bähbitli döwrebap işler bitirilýär. Gahryman Arkadagymyz bu möhüm ulgamy düýpli ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak bu binýatlyk pudagyň esasy wezipesi bolup durýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek baş wezipe bolup durýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993