Tebigy gaz öý-ojaklary ýyladýar

Tebigy gaz öý-ojaklary ýyladýar

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalarynyň hem-de şäherleriniň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmakda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirýärler.

Kärhananyň işgärleri täze ýylyň öňýanyndaky günlerde welaýatyň ilatly ýerleriniň ýene-de birine barýan ýokary basyşly gaz geçirijini halkalaýyn birikdirip, tebigy gaz bilen obanyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň öý-ojaklaryny ýylatdylar. Milli maksatnama laýyklykda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň Mary etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurlan bu ýokary basyşly gaz geçiriji öz gözbaşyny «Şatlyk» gaz paýlaýjy bekedinden alýar. Umumy uzynlygy on müň dört ýüz altmyş sekiz metr bolan bu gaz geçirijiniň dokuz müň alty ýüz metri ýokary, sekiz ýüz altmyş sekiz metri bolsa orta basyşlydyr. Bu ýerde gaz geçirijiniň gurluşygyny öz wagtynda tamamlap, ulanmaga bermek üçin işleriň takyk hem sazlaşykly guralandygyny aýtmak gerek. Gaz geçirijiniň gurluşygynda köpýyllyk iş tejribesi bolan halypa gazçylar bilen birlikde olaryň ýaş şägirtlerem egin-egne berip zähmet çekdiler.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993