Sag başym — soltan başym

Sag başym — soltan başym

Saglyk her bir adamyň başynyň täjine deňeýän iň gymmatly baýlygydyr, ynsan durmuşynyň bezegidir. Şol baýlykdyr bezegden serpaýly kişiler elmydama özlerini ruhubelent, bagtyýar duýýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan we gurulýan döwrebap, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen anyklaýyş-bejeriş merkezleridir hassahanalar-da, melhem suwly şypahanalardyr arassa agyz suwy zawodlary-da bir maksada — ähli raýatlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni umumadamzat derejesinde baýram edilýär. Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, welosiped sürmek sporty ynsan saglygy üçin möhümdir. Döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda görelde alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýerlerde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ajaýyp sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, awtodromlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993