«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň gazçylaryň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgi şäheriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde zehinli aýdymçy-sazandalaryň bir topary zähmet çekýär. Olar ýurdumyzda giňden toýlanylýan baýramçylyk günlerinde guralýan çäreleri öz aýdym-sazly çykyşlary bilen bezäp, dabara gatnaşýanlara ruhy lezzet berýärler. Müdirligiň gaz känlerinde zähmet çekýän gazçylara medeni taýdan hyzmat etmek hem olaryň işleriniň esasy bölegini düzýär.
Medeniýet köşgünde aýdym-saz gurnagy hereket edip, oňa şäherde ýerleşýän 4-nji hem-de 15-nji orta mekdepleriň sungata höwesli körpeleriniň ençemesi gatnaýar. Şu ýerde mekdep okuwçylary aýdym aýtmak, saz gurallaryny çalmak boýunça endikleri ele alyp, sungat äleminde ilkinji ädimleri ädýärler. Zehinli aýdymçylardyr sazandalar Orazmyrat Gullyýew, Jumamyrat Akyýew, Esen Şamyýew dagy körpelere aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň inçe tärlerini öwredýärler.