Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynda 100 ýaş toýuny toýlaýar

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynda 100 ýaş toýuny toýlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şeýle ajaýyp toýly günlerinde ýaşuly neslimiz bilen didarlaşmakdan, olar bilen bilelikde toý şatlygyny paýlaşmakdan uly bagt barmy, eýsem?! Ykbal ýollaryny külterläp, durmuşynyň ýene bir ajaýyp sahypasyny arka atan atam Hally gyjakçy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ak garly gyşynyň ilkinji günlerinde ömrüniň bir asyrlyk buýsançly günlerini garşylaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy maşgalamyzda atamyň 100 ýaş toýy bilen goşalanyp geldi.

Elbetde, bu maşgalamyz üçin uly buýsanç, uly bagt. Atamyň dört ogly, alty gyzy, otuz alty agtygy, altmyş bir çowlugy bu mährem ynsanyň töwereginde onuň buýsanjy, begenji, ömrüniň dowamat daragty. Uly ogly Toýly maşgalasy Täzegül bilen atamyň ojagynyň alawyny ýakyp otyr. Bular nebitgazçylaryň maşgalasyndan bolup, Toýly BGU «Derýalyk» önümçilik edarasynda 1978-nji ýyldan bäri zähmet çekip, il arasynda uly abraýa eýe boldy. Şeýle mährem ynsanyň terbiýesini alan onuň agtyk-çowluklary Diýarymyzyň gülläp ösmegine halal zähmeti bilen goşant goşýarlar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993