Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar

Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň gazçylary häzirki döwürde barha golaýlaşýan goşa senäni, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de onuň yzysüre belleniljek Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda joşgunly işleýärler.

Bu ýere gelýän tebigy gaz ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Döwletabat» gaz käninden alnyp, «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum» we «Çöllük» gaz gysyjy beketleriniň üstünden gaýry himiki düzümlerden arassalanan we güýçlendirilen görnüşde akdyrylyp, welaýatyň sarp edijilerine ýetirilýär hem-de demirgazykda ýerleşýän «Ýylanly» we «Derýalyk» önümçilik edaralarynyň üsti arkaly daşary bazarlara çykarylýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993