«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykarmak, guýulary gazmak, abatlamak bilen iş salyşýan edara-kärhanalarynyň islendigini alyp görseň-de, ata Watanymyzyň çig mal binýadyny artdyrmakda alyp barýan ýadawsyz zähmetini duýmak bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda hem netijeli işleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan düzümleriň biri-de Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligidir. Özboluşly diýmegimiziň sebäbi, şeýle müdirlik konsernde ýeke-täk düzümdir. Müdirligiň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda, onuň nebit pudagynda möhüm ähmiýete eýedigine göz ýetirýärsiň.
«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hojalyk hasaplaşygyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi önümçilik bilen bagly işleri üznüksiz alyp barýar we ýerine ýetiriji hökmünde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki nebitgaz guýularyny sementläp, buýrujylara tabşyrýar. Häzirki wagtda «Nebitgazburawlaýyş» we «Nebitgazçykaryş» trestleriniň degişli edaralarynyň meýilnamalarynyň çäklerinde Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Ekerem, Keýmir, Kemer, Akpatlawuk, Adamguduk, Çekişler, Ahal welaýatynyň Ýylakly, Mydar, Lebap welaýatynyň Ýaşyldepe nebitgaz ýataklarynyň guýularynda sementlemek işleri amala aşyrylýar. Ondan başga-da, önümçilik meýdançalarynda ugrukdyryjylaryň, konduktorlaryň, aralyk (tehniki), tirkeme, ulanyş sütünleriniň sementleme işleri, guýulary burawlamak we abatlamak işleri, sement köprüleriniň we nebit wannalarynyň goýulmagy, goýberilen hem-de sement bilen berkidilen sütünleriň basyş astynda jebislige synag edilmegi, gatlak sorulmasynyň garşysyna ulanylýan garyndylaryň gatlaga goýberilmegi, howa kowujy kompressorlar bilen gatlaklary synag etmek we özleşdirmek, sement ýüklemek, daşamak, sement suwuklygynyň barlaglarynyň laboratoriýa derňewleri we beýleki işler alnyp barylýar.