Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi

Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň oýun görnüşleri boýunça türgenleşik zalynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi. 12—14-nji noýabr aralygynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen türgenleriň onlarçasy ussatlygyny görkezdi.

Geçen şenbede bolsa açyk çempionatyň dowamynda öňe saýlanan bilýardçy ýaşlaryň arasynda jemleýji tapgyr boldy. Jemleýji oýunlarda Türkmen milli nebitgaz kompaniýasynyň logistik-marketing bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň türgeni, at gazanan sport ussady Ibabekir Bekdurdyýew bilen Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň ker we çala eşidýän mekdep ýaşly çagalar bölüminiň surat mugallymy, Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň türgeni, sport ussady Begenç Jumagylyjow duşuşdy. Diýseň çekeleşikli geçen soňky tapgyryň duşuşygy I.Bekdurdyýewiň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, ol açyk çempionatda birinji ýeri eýeledi. Onuň garşydaşy ikinji orun bilen oňmaly boldy. Şu ýaryşda emin agzalarynyň gelen netijesine görä, Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň başlygy we baş tälimçisi, sport ussady Batyr Aşyrow bilen Türkmenistanyň bilýard sport federasiýasynyň türgeni Serdar Ilamanowyň gazanan utuklarynyň deňdigi üçin olaryň ikisine hem üçünji orun berildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993