2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler

2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler

Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Noýabr aýynda geçirilen onlaýn duşuşyklarynyň çäklerinde bilermenler energetika düzümine goýulýan maýalary goramak, sebit ykdysady birleşmesini döretmek, şeýle hem energetika ylalaşyklaryna we taslamalaryna gatnaşýan döwletleriň, maýadarlaryň we beýlekileriň arasynda ýüze çykýan jedelleri çözmek üçin halkara-hukuk guralyny döretmek bilen bagly bolan meseleleriň giň toparyna seretdiler.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993