Ussat dilçi, ýazyjy, görnükli pedagog Haýdar Muhyýewi türkmen intelligensiýasynyň, hususan-da dil, edebiýat, metbugat ugurlary bilen iş salyşýan wekilleri, orta ýaşlylar gaty oňat bilýändirler diýip pugta ynam bilen aýdyp biljek. Soňky ösdürimler, bu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýan ýaşlar hem görnükli dilçi alymyň nusgalyk şahsyýeti, ömür ýoly, ylmy we edebi mirasy bilen gaýybana tanyşdyrlar.
Şu setirleriň awtoryna 1989 — 1994-nji ýyllarda türkmen filologiýasy fakultetinde okap, şeýle ajaýyp ynsanlardan ylym-bilim almak bagty miýesser etdi.