Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

11:15 26.08.2020 170

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/270/original-15f0d596235c4b.jpeg

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirleri we maslahatlary alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, R.Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamalary ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň girizilmegi, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer.Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlaşmalary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem seredildi.

Başga makalalar
15f73033b57900.jpeg
Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek boýunça öňdeligi saklaýar

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gaz eksportunyň göwrümi boýunça birinji orunda durýar, bu barada hytaý gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen Interfaks habar berýär.


15f3b64dcbb423.jpeg
OPEC+ ýurtlary iýul aýynda nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygy 95% ýerine ýetirdiler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyny ýerine ýetirmegiň derejesi iýul aýynda 95%-e ýetdi. Iýunda bu görkeziji 107% boldy. Şeýlelikde, guramanyň döwletleri iýulda bazardan 9,2 mln b/g nebit azaldyp, ylalaşygy 0,5 mln b/g amal etmediler. Bu netijeleri OPEC+ tehniki geňeşi duşenbe güni getirdi, diýip TASS belleýär.


15f3cc3e613486.jpeg
Türkmenistan Türkiýä propileniň iberilişini artdyrýar

Baku – Tbilisi – Kars (BTK) demir ýol geçelgesi boýunça Mersine (Türkiýe) türkmen propileni ýüklenen 40 sany konteýner bardy, diýip Trend agentligi «Ady konteýner» OOO azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.


15f744e065df4e.jpeg
TNGIZT-niň önümçilik görkezijileri ýokarlanýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça ýokary hilli önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini gazanmagy başardy.


15f3e537894ab0.jpeg
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň başlygy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.