Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa işlenip düzülýär

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/225/original-15f08091930810.jpeg

Penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.Şeýle-de duşuşyga Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktory Gurbuz Gonul, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdy.  Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar “Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň global tendensiýalary we mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ýollary”, “Önümçilige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasyndaky ylmy taslamalary girizmek”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin halkara tejribäniň ulanylmagy” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.Şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşi ulgamyna goldaw bermek boýunça alyp barýan işi barada, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri barada çykyş edildi.Milli strategiýanyň düzüminiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary we döwrebap ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Başga makalalar
15f0d596235c4b.jpeg
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.


15f0ea44b5b734.jpeg
OPEC nebite bolan islegiň 2020-nji ýylda günde 90,7 mln barrele çenli pese düşüp, 2021-nji ýylda 97,7 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar

2020-nji ýylda nebite bolan islegiň çaklamasy günde 100 müň barrele çenli — günde 90,7 mln b/g ýokarlandyryldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 8,9 mln b/g aşaklamany aňladýar, diýip Interfaks habar berýär. Şol bir wagtda 2021-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi 7 mln b/g artyp — 97,7 mln b/g bolar. Muňa garamazdan, bu görkezijiler COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden aşakda bolmagynda galýar, diýip gurama habar berýär.


15f0e95667a16e.jpeg
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.


15f11395863629.jpeg
«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler maslahatlaşyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f1026d631c21.jpeg
«Lebapgazçykaryş» Naýyp käninde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar

Naýyp gaz käninde 220/110/35 podstansiýasynyň düýpli abatlaýyş işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Abatlaýyş işlerine «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 60-dan gowrak hünärmenleri gatnaşýarlar.