Täzelikler

OPEC nebit çykarmaklygy çäklendirmegi ylalaşmak boýunça ahyrky tapgyra gadam basdy - HBS

OPEC ýurtlary nebit çykarmaklygy çäklendirmegi ylalaşmak boýunça ahyrky tapgyra gadam basdylar. Bu barada duşenbe güni gepleşikleriň barşy barada habarly wekile salgylanyp Bloomberg agentligi aýdýar, diýip ТАСС habar berýär. «OPEC-iň agza döwletleri nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşyk gazanmak üçin soňky diplomatik tagallalary edýärler. Katar, Alžir we Wenesuela iri öndürijiler bilen aralykdaky bölünmäni aradan aýyrmak üçin tagalla edýärler»...

Türkmen alymlary petrofiziki barlaglary dowam edýärler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň tejribeli hünärmeni B.Çopanowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Döwletabat, Garabil, Gurrukbil, Ýaşyldepe känlerindäki kernlerde petrofiziki barlaglary geçirmekde üstünlikli netijeleri gazandylar. Şeýle hem onup ýolbaşçylygynda «Galkynyş» ägirt uly gaz känindäki guýulardan alnan kernleriň hem petrofiziki barlaglary üstünlikli geçirildi. Barlaglaryň netijesinde ätiýaçlyk gorlary bahalandyrmakda möhüm görkezijileriň arabaglanyşygy alyndy. Bu görkezijiler gözleg işlerini geçirmekde peýdalanylar. Ýerasty gaz...

Aşgabat we Brýussel söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

Brýusselde Hyzmatdaşlyk we söwda Ylalaşygynyň çarçuwasyndaky «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 16-njy mejlisi tamamlandy, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň wekiliýeti mejlise gatnaşmak maksady bilen Brýussel şäherinde iş sapary bilen boldy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy jenap Lýuk...

Türkmen-palestin gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşiklerden soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň topary boýunça, ilkinji nobatda, ählumumy howpsuzlyk we durnukly ösüş ulgamyny...

Mahmud Abbas we Gurbanguly Berdimuhamedow ikiçäk görnüşde gepleşikleri geçirdiler

Aşgabat, 14-nji noýabr. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda gepleşikler geçirildi, diýip Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrdy. Mahmud Abbas öz nobatynda...

Pan Gi Mun Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamy boýunça halkara maslahatyna gatnaşar

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamy boýunça halkara maslahatyna gatnaşar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbo beýan etdi, diýip BMG-niň habarlar merkezi habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, «bu maslahat BMG-niň taryhynda ulag ulgamyny ösdürmäge bagyşlanýan ilkinji maslahat bolup, ol durnukly ösüşi...

Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşarlar

Merkezi Aziýa sebitiniň bäş döwletiniň we Koreýa Respublikasyny wekiliýetleri «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk boýunça 10-njy forumyň dowamynda köptaraplaýyn ölçegde özara gatnaşyklar meselelerini maslahatlaşarlar. Forum daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 2016-njy ýylyň 15-16-njy noýabrynda Seulda geçiriler. Özbegistanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň we bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Amerikan işewürleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan,...

Brýusselde energetika boýunça Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň möhümligi bellenildi

2016-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Brýusselde geçirilen Türkmenistanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Birleşdirilen toparynyň 16-njy maslahatyna gatnaşyjylar energetika boýunça Aşgabat Jarnamasynyň çäklerinde bilelikdäki işiň, şeýle hem şol Jarnamany durmuşa geçirmek üçin döredilen Iş topary boýunça işleriň wajypdygyny nygtadylar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň saýtynda neşir edilen habarda aýdylýar. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem ÝB bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça esasy ugurlarda,...

Trampyň gelmegi bilen «Günorta gaz geçelgesiniň» durmuşa geçirilişi çaltlanar - bilermen

Donald Trampyň hökümete gelmegi bilen ABŞ-nyň Ýewropa basyşy gowşar, hökümetiň ünsi, Trampyň özüniň öň belläp geçirişi ýaly, içki meselelere gönükdiriler, diýip penşenbede Ukrainanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary merkeziniň energetika maksatnamalarynyň direktory Walentin Zemlýanskiýniň aýdanlaryny Trend habar berýär. Önüň sözlerine görä, ABŞ-daky şular ýaly üýtgeşme «Günorta gaz geçelgesini» durmuşa geçirmäge oňyn täsir eder. «Günorta...

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa gutlag hatyny iberdi.  Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.  Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň saýlanan Prezidentine örän...

VIII Halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylar «Awazada» hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşýarlar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde 9-10-njy noýabrda VIII Halkara maýa goýum forumy geçirilýär. Onuň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň ykdysadyýet ministrligi we Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşýarlar. Foruma gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriň arasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň...

Eastring taslamasyny «Günorta gaz geçelgesine» birikdirmek mümkinçiligi bar

Eastring gaz geçirijisini «Günorta gaz geçelgesine» birikdirmek üçin uly mümkinçilikler bar, diýip Eustream slowak kompaniýasynyň wekili Pawol Kubik Trend azerbaýjan habarlar agentligine habar berdi. Eastring taslamasy Slowakiýa tarapyndan 2014-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Bu gaz geçirijisi Slowakiýanyň, Çehiýanyň, Ukrainanyň,Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Bolgariýanyň gaz ulgamlaryny birleşdirmegi maksat edinýär. Birinji tapgyrda bu gaz geçirijisi balkan ýurtlaryny gaz bilen üpjün...

Putin Türkmenistan bilen Hazarda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi ylalaşandygyny beýan etdi

RF-iň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakynda geçiren gepleşikleriniň dowamynda Hazar sebitinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi, diýip INTERFAKS habarlar agentligi habar berýär. «Prezident Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow bilen geçen hepdede Soçide geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, Hazar sebitinde bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi şertleşdik» diýip, W.Putin Moskwada daşary ýurt ilçileriniň...

Malaýziýa TOPH gurluşygynyň we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrener – premýer-ministr Najib Razak

Malaýziýanyň Hökümeti TOPH gurluşygynyň we beýleki gaz geçirijileriň taslamalaryny durmuşa geçirmäge malaýziýaly işewür toparlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrener. Döwlet habarlar gullugyny habar berşi ýaly, bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Razak 8-nji noýabrda iki günlük resmi sapar bilen bu ýurda baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinden soň beýan etdi. KHBS-iň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Malaýziýanyň Premýer-ministri...

2014