Täzelikler

«Türkmengaz» TOPH-nyň türkmen bölegi üçin «Serba Dinamik» kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin Malaýziýanyň «Serba Dinamik Sdn. Bhd» kompaniýasyndan dürli serişdeleri we enjamlary satyn alar. «Türkmengaza» şertnama baglanyşmaga ygtyýar berýän degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň...

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda we Hindistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetiniň Owganystana we Hindistana saparynyň barşynda iri möçberli we uzakmöhletleýin infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan...

Uzynada meýdançasynda uglewodorodlaryň täze akymy alyndy

Uzynada meýdançasynda №1 gözleg guýusyny synagdan geçirmegiň çäklerinde 6746-6752 metr aralykdaky gyzyl reňkli çökündilerden 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda günlük debiti 106 müň kub metr tebigy gaza we 143 tonna gaz kondensatyna deň bolan çig mal akymy alyndy. Hazarýaka sebitinde ýerleşen, geljegi uly bolan Uzynada meýdançasy «Türkmennebit» DK-nyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen geologo-gözleg işleriniň netijesinde açyldy. Bu ýerde...

Täjigistan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirýär

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň çäklerinde Täjigistanyň çäklerinde birinji desganyň gurluşygy eýýäm 2020-nji ýylda tamamlanar, diýip «TajikTA» habar berýär. Rudaka etrabynyň çäklerinde birinji tonneliň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. Ýakyn wagtda bu gaz magistralynyň beýleki desgalarynyň gurluşygy başlanar. Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň umumy uzynlygy 966 kilometre deňdir. Bu şaha Türkmenistanyň,...

Türkmenistan Gruziýa iberilýän awiakerosiniň möçberleri boýunça lider

Türkmenistan 2019-njy ýylda Gruziýa awiasion kerosin iberýän iň iri iberiji boldy. Geçen ýylda Gruziýa 40 müň tonnadan gowrak awiakerosin iberildi. Bu bolsa Gruziýanyň awiakerosin importynyň umumy möçberiniň 40 göterimine deň boldy. Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyldan bäri Gruziýa awiakerosini eksport edýän lider döwlet bolup durýar. Ol bu görkeziji boýunça Gresiýadan Müsürden, Türkiýeden, Rumyniýadan we köp ýyllaryň dowamynda...

Naýyp gazy gaýtadan işleýän toplumy kuwwatyny artdyrýar

Bu günki gün Üňüzaňyrsy Garagumuň senagat infrastrukturasy ösüşinde täze itergi aldy. Soňky ýyllarda bu ýerde amala aşyrylan taslamalar gazyň we kondensatyň çykarylyşyny düýpli artdyrmaga  mümkinçilik berdi. «Mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak bilen ugurdaş Üňüzaňyrsynyň gazy gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwatlyklary hem artdyrylýar. Netijede, geçen ýylda Naýybyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň tehnologik desgasynda 105 müň kub metrden gowrak suwuklandyrylan...

Balkanda nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça ýokary netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça Balkan müdirligi nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze geljegi uly uglewodorod meýdançalaryny gözlemek we ýüze çykarmak, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Iş toparynyň zähmet üstünlikleri müdirligiň material-tehniki binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hususan-da, häzirki zaman sementleýji enjamlaryň ulanylmagy...

HHR-däki wirus zerarly howatyrlanmalaryň netijesinde nebit arzanlamagyny dowam edýär

Hytaýda öň mälim bolmadyk koronawirusdan dörän pnewmoniýanyň ýaýramagy sebäpli howatyrlanmalaryň netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar. Interfaks agentliginiň habar berşi ýaly, «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 59,15 dollara deň boldy. Bu görkeziji deslapky sessiýadakydan 0,25 göterim aşakdyr. Duşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça bahalar 2,26 göterim aşaklap, 59,32 dollara deň boldy. «WTI» nebitiň bahasy 0,15 göterim arzanlap, 53,06...

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Energetika ministrligine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisini gurmak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük...

Prezident TOP ugty boýunça halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek boýunça çäreleri gördi

Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça iri halkara elektroenergetika taslamalaryny durmuşy geçirmegi tizleşdirmäge gönükdirilen çäreler kesgitlenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu ugruň aýratyn müdirlige bölünmegi TOP elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň...

Ýewropa öz gazynyň çykarylyşynyň pese düşmegi netijesinde STG-niň importyny artdyrýar

Ýewropa bazarlary geçen ýylda dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) teklibiniň artyk bolmagynyň peselmegine ýardam etdi, diýip Interfaks Global Gas Analytics (GGA) synyna salgylanyp habar berýär. ÝB-de STG-niň importynyň umumy möçberi 2019-njy ýylda 75 mln tonna çenli artdy, bu bolsa 100 mlrd kub metre deň. 2018-nji ýylda bu görkeziji 62 mlrd kub metrdi. Geçen ýylda ÝB-niň importynyň...

Balkanabat NOHOM Türkmenistanyň nebit pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýar

Nebiti çykarmakda we gaýtadan işlemekde islendik bölümiň hünärmenleri ýokary hünär taýýarlygyna, oňat bilime eýe, şeýle hem azyndan, professional programma üpjünçiligine eýe bolmalydyr. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň meşhur okuw binalarynyň biri hem «Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebit orta hünär okuw mekdebidir (BNOHOM). Her ýylda bu okuw edarasynda hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça 1,3 müňden gowrak talyp bilim alýar, şol...

Türkmenistan we Wengriýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisiniň gün tertibinde energetika ileri tutulýan ugur boldy. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Şu jähetden türkmen gazyny Ýewropa ibermegiň mümkin bola ugry hökmünde Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyna garalyp geçildi. Şeýle hem gazhimiýa we Türkmenistanda polimerleriň önümçiligi ulgamynda taslamalar maslahatlaşyldy. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş...

2014