Täzelikler

Nebitgaz pudagynyň kärhanalary Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Söwda-senagat edarasynda açylan  Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň giň mümkinçilikleri görkezildi. Energetika, senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, oba senagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim we beýleki ulgamlaryň ählisiniň depginli ösüşi ussatlyk bilen taýýarlanylan nusgalarda öz beýanyny tapdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly...

Tatarystan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň depginini ýokarlandyrmak isleýär – Rustam Minnihanow

Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň baştutanynyň metbugat merkeziniň habar berşi ýaly, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Hususan-da, metbugat merkeziniň belleýşi ýaly, R.Minnihanowyň sözlerine görä, Tatarystan Türkmenistan bilen maşyn gurluşygy, awtomobil we gämi gurluşygy, energetika we nebitgaz toplumy, ýokary tehnologiýalar we maglumatlaşdyrma, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we...

Türkiýe Russiýadan, Türkmenistandan, Ýakyn Gündogardan, Azerbaýjandan gelýän gaz üçin üstaşyr geçiriji bolmak isleýär

Türkiýe Russiýadan, Türkmenistandan, Ýakyn Gündogardan, Azerbaýjandan gelýän gaz üçin üstaşyr geçiriji bolmak isleýär diýip türk hökümetiniň ýolbaşçylary beýan edýär, diýip Halkara energetika maslahatynyň geçirilen ýeri bolan Stambuldan INTERFAKS habar berýär. Habarlar agentliginde bellenilişi ýaly, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Ärdogan Halkara energetika maslahatynyň barşynda häzirki wagtda Türkiýede Azerbaýjandan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gaz ugratmaga mümkinçilik berýän TANAP gaz...

Türkmenistan we Tatarystan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşgabada iş sapary bilen gelen RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda senagat infrastrukturalaryny düýpli özgertmäge, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň giň toplumyny öndürmäge...

Türkmenistan tebigy gazdan peýdalanmak arkaly elektrik energiýasynyň önümçiligini ösdürýär

Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde «Dagly» transformator bekediniň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. 27-nji sentýabrda desganyň gurluşygynyň barşy barada tanyşmak maksady bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelip gördi. «Gurtly», «Abadan», «Olimp», «Aşgabat» beketleri ýaly bu beket hem daşary ýurt önüm öndürijileriň öndüren iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman desgalarynyň biridir. Şeýle hem...

2016-njy ýylyň ahyryna çenli nebitiň bahasy barrel üçin 60 dollara barar – Saud Arabystanynyň energetika ministri

2016-njy ýylyň ahyryna çenli nebitiň bahasy barrel üçin 60 dollara barar – diýip Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled bin Abdul al-Faleh Stambuldaky Halkara energetika forumynda çykyşynda belledi, diýip ИТАР-ТАСС habar berýär. «Oktýabrda ýa-da ýylyň ahyrynda onuň nurhu 60 dollara ýeter» diýip ol aýtdy. Geçen hepdede Brent kysymly nebitiň bahasy 2016-njy ýylyň dekabrynda getirilýän...

Nebitgaz toplumynyň işgärleri ählihalk ýowaryna gatnaşdylar

Şenbe güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Türkmen paýtagtynda badalga alan bu möhüm çärä ilkinji bag nahalyny oturdyp döwlet Baştutanynyň hut özi gatnaşdy. Bag ekmek çäresine şeýle hem ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly daşary ýurt myhmanlary, halkara guramalarynyň wekilleri we hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Ählihalk ýowaryna...

Brýusselde Owganystany dikeltmekde Türkmenistanyň infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi

Brýusselde geçirilen Owganystanyň ösmegi bilen bagly meselelere bagyşlanylan «Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we onda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, transmilli demir ýollarynyň çekilmegi hem-de goňşy ýurda iberilýän türkmen elektroenergiýasynyň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işleri öz beýanyny tapdy. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda Owganystan...

Geçen hepdäniň biržä täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Panamadan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuumgazoýly we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da,...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalar kabul edildi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 4-5-nji oktýabrda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen “Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmagy barada habar berildi. Işine BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun,...

HWG 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 5,4 göterime çenli ýokarlandyrdy

Halkara walýuta gaznasy (HWG) oktýabryň başynda çykaran dünýä ykdysadyýeti baradaky täze synynda, (World Economic Outlook Update, WEO) geçen gezekki bahalandyrmalary bilen deňeşdireniňde, 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy. Şeýlelik bilen, HWG-niň oktýabryndaky hasabatynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini şu we geljek ýylda 5,4 göterim derejesinde çaklanylýar. Bu guramanyň şu ýylyň...

OPEK nebit çykarylyşynyň derejesini ylalaşylandan hem köp çäklendirmegi mümkin

OPEK-iň agza ýurtlary noýabrda geçen duşuşygyň netijeleri boýunça nebitiň çykarylyşyny Alžirde ylalaşylandan hem köp çäklendirmegi mümkin. Bu barada Alžiriň energetika ministri Nureddin Butarfy beýan etdi, diýip RF-yň nebitgaz habarlar agentligi habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, noýabryň ahyrynda Wenada nebit bazary bahalandyrylar we eger 700 müň barrel ýeterlik bolmasa, onda nebitiň çykarylyşynyň çäklendirme  derejesi ýokarlandyrylar. OPEK 28-nji sentýabrda...

Nemes bilermeniniň pikiriçe, Türkmenistan çig mal serişdelerini däl-de, nebithimiýa önümlerini eksport etmäge ýöriteleşmeli

Daşary ýurt HBS-leri uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaklyga gönükdirilen Türkmenistanyň energetika syýasatynyň meseleleriniň durmuşa geçirilişini ünsden düşürmeýärler. Ýakynda «Вестник Кавказа» rus neşiri german-türkmen forumynyň ýerine ýetiriji direktory, syýasatçy Haýnrih Şuls bilen bolan interwýusyny neşir etdi. Onda bilermen Merkezi Aziýadan Ýewropa gaz geçirmek boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň gaz syýasatynyň öňünde duran sepgitler hakynda öz garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da,...

Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝB ykdysady ösüşiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady ösüşiň dürli ugurlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip Özbegistanyň DIM-niň pres-gullugyna salgylanyp Trend täzelikler agentligi habar berýär. Duşuşyk «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ölçeginde Brýusselde geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. «Merkezi...

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby halkara baýragyna mynasyp boldy

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Bozaganow ýeňil atletika boýunça Aşgabatda geçirilen bäsleşikde netijeli çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy. Oňa bürünç medal we baýraklar gowşuryldy. Talyp-türgeniň gazanan üstünligi şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Bilimler bagy» meýdançasynda geçirilen medeni-köpçülikleýin dabarasynda hem bellenildi. Mugallymlar toparydyr talyp deň-duşlary hem Ýusup Bozaganowy ýeňşi bilen gutladylar...

2014