Täzelikler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Moskwada ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar

Sişenbe güni RF-iň Prezidenti Wladimir Putin bilen Russiýa sapar bilen barjak Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçiriler, diýip РИА Новости habar berýär. «Birinji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa iş saparyny amala aşyrar» diýlip habarda aýdylýar. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle hem...

«Cifal» Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmen döwletine gelen Žil Remi ýolbaşçylyk edýän «Cifal» fransuz kompaniýasynyň Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman dürli ugurlarda. Şol sanda ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Fransuz işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny...

Faýsal katar kompaniýasy bilen ÝET ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Bu barada ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen dabaralaryň hormatly myhmany hökmünde ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, «Faýsal» kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tani Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda şeýh Kataryň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly...

Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýol magistralynyň gurluşygy tamamlandy

2013-nji ýylyň iýunynda badalga alan Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýol magistralynyň gurluşygy tamamlandy. Ýekşenbede Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokady — Akina bekedinde (OYR) soňky ýol seplemlerini goýdular. Oktýabryň başynda hökümet mejlisinde Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýol magistralynyň açylyş dabarasynyň noýabryň birinji ongünlüginde geçiriljekdigi bellenildi....

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.   Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Lýuksemburgdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen...

27-28-nji oktýabrda Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilýär

Türkmenistanda umumymilli baýram — döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilýär. 27-nji oktýabrda irden paýtagtyň baş meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň garşylamagynda goşunlaryň ähli kysymlarynyň baýramçylyk dabaraly harby ýörişi geçirildi. Türkmen esgerleriniň ýokary hünär başarnygyny we ukybyny aýdyň görkez dabaraly harby ýörişde goşunlarda ulanylýan häzirki zaman harby tehnikalar hem görkezildi. Kuwwatly harby...

Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň Direktorlar Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Aşgabatda «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň Direktorlar Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Geňeşe taslama gatnaşyjy ähli agza-ýurtlar gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň hasabaty diňlenildi, şeýle hem taslama boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mundan beýläkki ýerine ýetirilmeli işler boýunça möhüm ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Hususan-da, binýatlyk resminamalar, şol sanda satyn almak, işgärler düzümini hakyna tutmak boýunça düzgünnamalar...

Tähranda geçirilen Hazar boýunça mejlisde deslapky ylalaşyklar gazanyldy

Tähranda Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça Iş toparynyň 47-nji mejlisi geçirildi. Trend habarlar agentliginiň IRNA eýran habarlar agentligine salgylanyp habar bermegine görä, iki günlük mejlisiň dowamynda Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we ýörite wekilleri deňziň hukuk derejesi bilen baglanyşykly meseleler boýunça gepleşikler geçirdiler. Mejlisiň dowamynda suw serişdelerinden peýdalanmak, nawigasiýa, üstaşyr geçirimler,...

Ýurduň ähli künjeginde geologiýa gözleg işleri üstünlikli alnyp barylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary Halkabat meýdançasynda burawlanan birinji gözleg guýusyndan tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň üstüni açdylar. Ol Gündogar Türkmenistanyň Köseşor gaz meýdanynda ýerleşýär. Bu ýerde 2D seýsmiki barlaglar geçirileninden soňra taslama çuňlugy 4 müň metr bolan gözleg guýusy burawlanyldy. Netijede, 3070-3064 metr çuňlukdaky orta ýura gatlagyndan gazyň senagat akymy alyndy. Bu bolsa Halkabat meýdançasynyň geljekde...

Nebitgaz toplumynyň işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, göreldeli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken...

Prezidentiň täze kitaby «Türkmenistan» — döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk taryhynyň ýyl ýazgysy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa hökümet agzalary, ýurduň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ...

Ýurduň nebit pudagy — ösüş ýolunda

2016-njy ýylyň geçen 9 aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni nebit känlerini özleşdirmekde ýokary netijeler gazandylar. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, konserniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny üpjün edýän çig nebitiniň möçberi artdyryldy, Hazaryň türkmen böleginiň kenarýakalarynda ýerleşýän çäklerinde geologiýa gözleg işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe käniniň demirgazyk-günbatar böleginde...

TNGIZT-niň işgärleri üçin jaý ulanyşa girizildi

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň dabarasynyň öňüsyrasynda deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde ýokary amatlykly 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanyşa girizildi. Dabaraly ýagdaýda jaýyň täze eýelerine iki, üç we dört otagly öýleriň açarlary gowşuryldy. Jaý Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgazgurluşyk» tresti tarapyndan guruldy. Ýokary amatlykly öýlerde giň dälizler, ýagty myhman...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny we nebit koksyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalary, ýorgan-düşek toplumy,...

Türkmenistanda TOPH taslamasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu barada maglumat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýewiň şu ýylyň 9 aýynda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy. Mejlisiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz magistralyny we beýleki gaz arteriýalaryny gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. TOPH magistralynyň türkmen...

2014