Täzelikler

German ykdysadyýetiniň güni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder

1-nji dekabrda Aşgabatda German ykdysadyýetiniň güni geçiriler. Bu işewür foruma käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edara-guramalarynyň 67-den gowrak iri kompaniýalarynyň 100-den gowrak wekilleri gatnaşar. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy hem-de german ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze mehanizmleri işläp düzmäge,...

Marynyň nebit we gaz mekdebinde ÝET üçin hünärmenleriň okuw sapaklary geçirilýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Marydaky nebit we gaz orta hünär okuw mekdebinde ýurduň gaz senagaty kärhanalarynyň we edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirilýär. Bu ýerde «Türkmengazüpjünçilik», «Türkmengazakdyryş» birleşikleri, «Marygazçykaryş» we «Döwletabatgazçykaryş» müdirlikleri ýaly gaz kärhanalarynda zähmet çekýän . maşinistleriň, operatorlaryň we beýleki hünärmenleriň 50-ä golaýy bilim alýar. Okuw mekdebinde gaz hünärleri boýunça ýokary...

ABŞ-daky buraw desgalarynyň sany baradaky statistikanyň çykmagy netijesinde nebit arzanlaýar

Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň ABŞ-daky nebit buraw desgalarynyň sanynyň artmagy baradaky maglumatlarynyň çykmagy netijesinde çarşenbede nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklap başlady, muňa söwda geleşikleriniň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. Brent kysymly demirgazyk deňiz nebit garyndysynyň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 0.12 göterim aşaklap – barrel üçin 49,06 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň...

Rumyniýada «tegelek stoluň» başynda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri hödürlenildi

Konstansiýanyň (Rumyniýa) deňiz portynyň edarasynda geçirilen «tegelek stolda» Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň tranzit-transport mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäklerinde multimodal ulag infrastrukturasy hödürlendi. «Tegelek stoly» gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy we Konstansiýanyň port edarasy çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bellenilişi ýaly, maslahata Konstansiýa deňiz portunyň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň daşary işler we...

Owgan ýaşlary Türkmenistanda bilim alýarlar

Owganystan Yslam Respublikasynyň türkmen dilini öwrenmek boýunça okuw derslerini üstünlikli geçen 26 sany talyby Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hünärlerini özleşdirmek boýunça okuwlary geçip başladylar. Bu okuw ýylynda owgan talyplaryna bilim bermeklik dört sany ýokary okuw mekdebiniň binýadynda ýola goýuldy. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň döwlet energetika instituty we Halkara...

Abuna – 2017

Hormatly okyjylar! “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasy 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazete abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýär. “Nebit-gaz” gazetiniň siziň söýgüli neşiriňiz boljakdygyna ynanýarys. Oňa abuna ýazylmaga howlugyň! Bu gazet durmuşda siziň ýakyn maslahatçyňyz bolar. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 26 manat. Abuna ýazylyşyk indeksi: 69500 “Nebit-gaz” gazetine ýurdumyzyň islendik poçta-aragatnaşyk bölüminde abuna ýazylyp bolar....

Azerbaýjanyň HBS-i Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşdyryldy

26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň öňüsyrasynda Bakuda HBS üçin brifing geçirildi. onuň dowamynda žurnalistler Türkmenistanyň ulag taslamalary bilen tanyşdylar, diýip Trend habarlar agentligi habar berýär. Çärede çykyş eden Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasynyň 1-nj sekretary (konsul) Batyr Rejepow Maslahatyň BMG-niň 2015-nji ýylyň dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda geçiriljekdigini ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä,...

Nebitiň bahasy onuň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyga garaşylmagy netijesinde 4,12 göterim gymmatlady

Nebitiň dünýä boýunça bahalary OPEC-e girýän we girmeýän nebit çykaryjy döwletleriň «gara altynyň» çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge ýakyn gelmekleri mynasybetli duşenbe güni agşam 4 göterimden gowrak ýokarlanyp, tiz depginler bilen galyp başlady, diýip söwda-geleşikleriniň maglumatlary tassyklaýar. 21:16 wagtda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 4,12 göterim ýokarlanyp, barrel üçin 48,79 dollara çetdi....

Dekabrda Aşgabatda Hazaryň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa boýunça sebit duşuşygy geçiriler

Hazaryň hukuk derejesi baradaky Konwensiýany işläp düzmek baradaky ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygy dekabryň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriler. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşar, diýip Trend habarlar agentligi habar berýär. Mundan öňki duşuşyk Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde oktýabr aýynda Tähran şäherinde geçirilipdi. Şol gezek suw serişdelerinden...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝET işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyyn nygtady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde beýleki derwaýys meseleler bilen bir hatarda ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, nebitgaz toplumynyň...

Putin Russiýanyň nebit çykarmaklygyny çäklendirmäge taýýarlygyny tassyklady

RF-iň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň nebit çykarmaklygyny häzriki derejesinde saklamaga taýýardygyny tassyklady, diýip Interfaks habar berýär. «OPEC-iň golaýda geçiriljek duşuşygy we biziň garaýşymyz barada aýdanyňda, ol üýtgewsizligine galýar. Biz bu barada birnäçe gezek aýdypdyk: biz nebit çykarylyşyny häzirki duran derejesinde saklamaga taýýar» - diýip ol Limada geçen ATES sammitiniň netijeleri boýunça metbugat maslahatynda žurnalistleriň soraglaryna jogap...

Total fransuz kompaniýasy ÝET üçin hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär

Total fransuz kompaniýasynyň öňdebaryjy hünärmenleri Halkara nebit we gaz uniwersitetinde deňiz känlerini özleşdirmek, çylşyrymly şertlerde burawlamagyň tehnologiýasy, nebitgaz geologiýasy, seýsmoderňew, uly taslamalary dolandyrmak we.m. temalar boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler. Türkmen talyplary üçin okuw sapaklaryny konserniň pudakda köpýyllyk iş tejribesi bolan we dünýäniň 50-den gowrak uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýän hünärmenleri geçirdiler. Özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda, seýsmo...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we Türkiýeden gelen täjirler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) we tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tüýjümek önümler,...

26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek ählumumy maslahatyna gatnaşyjylar geljegiň ulagy barada pikir alşarlar

Netijeli ulag ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça birinji ählumumy maslahat 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriler. BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Mun tarapyndan esaslandyrylan foruma gatnaşyjy ýurtlar ählumumy ulag ulgamy üçin, şol sanda daşky gurşawy goramakda täze ugurlary kesgitlärler, diýlip INTERFAKS BMG-niň Moskwadaky habarlar merkezine salgylanyp habar berýär. «Aşa garyplygy aradan aýyrmak we durnukly ösüşi gazanmakda durnukly ulag ulgamy möhüm...

Sakarçäge känindäki täze guýy tebigy gazyň ätiýaçlyklaryny anyklamaga ýardam eder

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Ahalnebitgazgözleg» müdirliginiň hünärmenleri Ahal welaýatynyň demirgazyk böleginde ýerleşen Sakarçäge känindäki №1 bahalandyrma guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Sakarçägäniň gaz känleri Garagumuň ulgamlarynyň töwereginde Kükürtli zawod şäherçesinden 20 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda habar berlişi ýaly Sakarçäge düzüminiň baryp 1964-nji ýylda buraw arkaly üsti açylypdy. 1965-1966-njy ýyllarda Sakarçäge...

2014