Täzelikler

Türkmen-owgan serhedinde «Ymamnazar» nebit önümleri terminaly işe girizildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça «Ymamnazar» terminalyny açdy. Terminaly işe girizmek dabarasy Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň — Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) böleginiň açylyşynda teleköpri arkaly amala aşyryldy. Kuwwatlylygy ýylda 540 müň tonna barabar bolan bu terminal «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni tarapyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän...

Türkmenistandan Owganystana şu gün açylan demir ýoldan ilkinji ýük otlusy ugradyldy

Transmilli polat demir ýolunyň — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çäklerine 46 wagondan düzülen otly dostlukly goňşy ýurda un, däne, sement, karbamid we kükürt elter. Bu wakanyň öň ýanynda türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaraly çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam...

Türkmenistan ulag ulgamynda halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşuldy

BMG-niň howandarlygynda 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň çäklerinde demir ýol, awtomobil we deňiz ulagy ulgamynda birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalara gol çekildi. Hususan-da, forumyň ikinji gününde Türkmenistan Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça Hökümetara ylalaşyga, Aziýa awtomobil ýollary ulgamy boýunça Hökümetara ylalaşyga, şeýle hem «gury portlar» boýunça Hökümetara ylalaşyga goşuldy. Şeýle hem Türkmenistan...

Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat öz işini tamamlady

26-27-nji noýabrda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat ýekşenbe güni öz işini tamamlady. Forumyň ikinji gününiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar logistika ulgamlaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň degişli mejlisleri XXI asyrda jemgyýetçilik ulagy, energetika we ulag, multimodal ulag-üstaşyr gatnawlar, durnukly ulagy maliýeleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ulgamlarda halkara...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata hem-de Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda halkyny türkmen halky bilen dostlugyň bozulmaz...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Pan Gi Mun Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

26-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmak ýaly ileri tutulýan ugurda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak hem-de giňeltmek...

Pan Gi Mun Aşgabatda ulag ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy boýunça garaýyşlaryny beýan etdi

Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynda çykyş edip, BMG-niň ýolbaşçysy forumyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna girizilen meseläniň örän wajypdygyndan ugur alyp, bu örän ähmiýetli çärä hut özüniň gatnaşmagy baradaky çözgüde gelendigini belledi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Milletler Bileleşigi tarapyndan Durnukly ösüş maksatlary kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bular barada aýtmak...

Türkmenistan Merkezi Aziýany häzirki zaman global ösüş hadysalarynyň aýrylmaz hem möhüm bölegi hökmünde görmekden ugur alýar – Gurbanguly Berdimuhamedow

Bu gün dünýä ulagynyň ösüşiniň meseleleri boýunça gepleşikleriň diňe bir başlanmak bilen çäklenmän, eýsem, iň ýokary derejede barha oýlanyşykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolýandygyny ynamly aýtmak bolar. Bu gepleşiklere täze gatnaşyjylar — döwletler, kompaniýalar, halkara edaralary we guramalary goşulýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilýän Durnukly ualg ulgamy boýunça Ählumumy...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Dünýäde ulag ulgamynda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi ýokarlanýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ylalaşykly alnyp barylýan ählumumy halkara işlerinde täze ugur –...

Türkmenistanyň we dünýäniň ulag ulgamyndaky taslamalary bütin adamzadyň kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär – Pan Gi Mun

Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistanda we bütin dünýäde bu günki gün ulagyň dürli pudaklarynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu mümkinçilikleriň ykdysady bähbit almak üçin hem-de adam kuwwatynyň ösmegi üçin peýdalanylýandygy bellenildi. Pan Gi Mun energiýa netijeliligine ýardam edýän paýhasly maýa goýumlaryna, täzeçil...

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi...

BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynda global ulag üçin täze ugurlar kesgitleniler – BMG-niň Habarlar merkezi

2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynda oňa gatnaşyjy döwletler global ulag ulgamy üçin täze ugurlary kesgitlärler. Bu barada BMG-niň Moskwadaky Habarlar merkeziniň press-relizinde habar berilýär. Press-relizde bellenilişi ýaly, aşa garyplygy aradan aýyrmakda we durnukly ösüşi gazanmakda durnukly ulag ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Howpsuz, elýeterli, amatly we ekologik...

Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar

26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata taýýarlyk görmegiň barşy hakynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara häsiýetli çäreleriň, şol sanda iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli...

Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy dowam edýär

Ahal welaýatynda Aşgabat şäherinden 32 kilometrlikde Owadandepede ýerleşen täze senagat ägirdiniň — tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň gurluşygy işjeň depginler bilen alnyp barylýar. Buýrujy bilen baş potratçynyň hereketlerini utgaşdyrmak, şeýle hem gurluşygyň gidişine gözegçilik etmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde Gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça Müdirlik döredildi. Müdirlikde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda taslama işleri tamamlaýjy...

Prezident «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, 23-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň...

2014