Täzelikler

Nebitgaz forumy daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistandaky täze mümkinçilikleri açdy

Iki günüň içinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» halkara maslahaty ýurduň nebitgaz pudagyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Forumyň maksatnamasy bu toplumyň iň täze habarlary we iň soňky gazananlary bilen ählitaraplaýyn tanyşmaga mümkinçilik berdi. Forumyň ikinji güni ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamany ornaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan daşary ýurt maýalaryny we...

ÝB Transhazar gaz geçirijisi boýunça gepleşikleri geçirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar

Ýewropa komissiýasy 2017-nji ýylda Brýusselde ÝB-niň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagynda Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Iş toparynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky işler boýunça wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort Aşgabatdaky «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda beýan etdi. Ilçi 2015-nji ýylyň maýynda Ýewropa...

«Tatneft» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekçi

Şu gün «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» atly 21-nji halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam etdi. Sergi zalynyň bölümçelerinde nebit we gaz çykarmaga, buraw we beýleki nebitgaz enjamlaryny öndürmäge, nebitgaz senagatynda inženeringe we taslamalary dolandyrmaga, logistika ýöriteleşen dürli kompaniýalar gazanan üstünliklerini we hyzmatlaryny görkezdiler. Şular ýaly kompaniýalaryň biri hem nebit çykarmak, gaýtadan işlemek, nebithimiýa...

Owadandepedäki zawodda gazy benzine gaýtadan işleýän desgany oturtmak işleri başlandy

Owadandepedäki tebigy gazdan sintetiki suwuk ýangyç öndürmek boýunça zawodda Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alnan dürli enjamlary oturtmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da, hünärmenler gazy benzine gaýtadan işleýän desgany oturtmak boýunça işlere başladylar. Bu desganyň ygtyýarnamalary «Haldor Topsoe A/S» daniýa kompaniýasy çykyş edýär. Bu desganyň işleýiş prosesi birnäçe tehnologiki tapgyrlardan,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.   Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dürli markaly awtobenzini satyn aldylar. ABŞ-dan gelen işewürler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan...

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder

Dünýäniň ýüzden gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň hünärmenleri, 40-dan gowrak ýurduň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we banklaryň wekilleri 7-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» atly 21-nji halkara maslahata we sergä gatnaşar. Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen anna güni mejlisiň barşynda hasabat...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany — 2016-njy ýylda dördünji sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sanynyň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 8-nji noýabrda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyna bagyşlanýar. Neşirde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Razakyň arasynda geçirilen gepleşikler barada aýdylýar. Hususan-da, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň barlygy we...

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda heniz durmuşa geçirilmedik mümkinçilikleriň hatarynda – TOPH we Transhazar gaz geçirijileriniň taslamalary bar – ABŞ-nyň Ilçisi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Alan Mastard Türkmenistanda bilen hyzmatdaşlykda heniz durmuşa geçirilmedik mümkinçilikleriň hatarynda  Günorta-Gündogar Aziýa we Ýewropa ýurtlary üçin gaz akdyrylmagyny üpjün etjek TOPH we Transhazar gaz geçirijileriniň taslamalaryny agzap geçdi. Bu barada amerikan diplomaty Infoabad.com täzelikler saýtyna beren interwýusynda belläp geçdi. Şol söhbetdeşlikde Ilçi sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde türkmen başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady, kontinentiň...

Çelekbaý meýdançasynda täze iri känleriň üsti açyldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Çelekbaý meýdançasyndaky №1 gözleg guýusyndan gazyk baý käniniň üstüni açdylar. Ýokary basyşly tebigy gazyň kuwwatly akymy ýura döwrüniň kesikleriniň ýokarky karbomit gatlaklaryndan gelýär. Tejribe-barlag işleriniň netijesinde 4511-4503 metr çuňluklarda tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä,...

Türkmenistanda ýerli çig mallardan ýylylyk geçirmeýän materiallaryň önümçiligi ýola goýulýar

Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýylylyk geçirmeýän materiallary taýýarlamak üçin aşa ýuka bazalt süýüminiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümler nebitgaz pudagynda nebit geçirijilerini ýylatmakda, turba önümlerini öndürmekde, ýol çekmekde giňden peýdalanylar. Rus alymlarynyň tehnologiýasynyň esasynda ýerli dag jynslaryndan mineral pagtanyň önümçiligini özleşdiren «Döwletgurluşyk» we «Aýyt» hususy kompaniýalary ýakyn wagtda bazalt zawodynda günde iki tonna çenli ýylylyk geçirmeýän...

Yragyň Hökümeti nebit çykarmaklygy çäklendirmäge taýýarlygyny beýan etdi

Yragyň Hökümeti nebit çykarylyşyny çäklendirmäge taýýar, diýip ýurduň premýer-ministri Haýder al-Abadi beýan etdi, diýip РИА Новости habar berýär. «Hawa, biz önümçiligi çäklendirmäge razylyk berdik. Yrak bu wezipä eýerer, çünki nebitiň häzirki bahalary durnuksyz. Şeýlelik bilen, biz ... öz önümçiligimizi çäklendirmäge taýýar» diýip ol Associated Press agentligine interwýusynda beýan etdi. «Beýlekiler babatda aýdylanda, olar hem şular ýaly borçlary...

Nebit OPEC-iň duşuşygyndaky kesgitsizlik sebäpli arzanlamagyny dowam edýär

OPEC-iň çarşenbe güni Wenada geçiriljek duşuşygynyň netijeleriniň kesgitsizligi sebäpli sişenbe güni nebitiň bahalarynyň pese düşmegi has hem güýçlendi. Şol duşuşykda gurama öz agza döwletleri üçin nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyk baglaşyp biler. Bu barada РИА Новости habar berýär. Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 1,44 göterim pese düşüp, barrel üçin 48,50 dollara deň boldy....

OPEC-iň bilermenler geňeşiniň teklipleri 30-njy noýabrdaky sammitde maslahatlaşylar

OPEC-iň 28-nji noýabrda Wenada geçen tehniki duşuşygy tamamlandy, gepleşikler 29-njy noýabrda dowam eder, diýip oňa gatnaşyjylar žurnalistlere habar berdi, diýip ТАСС habar berýär. «Biz mejlisi ertir dowam ederis» diýip OPEC-iň kätipliginden çykan iki sany wekil žurnalistleriň maslahatyň gutaranlygy baradaky sowalyna jogap berdi. şunuň bilen birlikde, öň habar berlişi ýaly, 29-njy noýabrda OPEC-de nebit çykarmaklygy çäklendirmek baradaky...

Azerbaýjan we ÝB Merkezi Aziýanyň «Günorta gaz akymy» taslamasyna goşulmagyny maslahatlaşdylar

Azerbaýjanyň energetika ministrligi we ÝB-niň iş topary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «Günorta gaz akymy» taslamasyna goşulmak meselelerini maslahatlaşdylar, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. Habarda aýdylyşyna görä, duşenbe güni Bakuda Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Natig Abbasowyň ÝB-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşygy geçirildi, onda taraplar energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar. ÝB-niň Azerbaýjandaky ilçisi Malena...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, BAE-den, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we gyzdyrylan nebit koksyny, şeýle hem tehniki uglerody we kükürdi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna ýük ulagy, polat armaturasy,...

2014