Täzelikler

Türkmenistan Owganystan bilen söwda dolanyşygyny ösdürýär

Türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Ymamnazar gümrük nokady Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki gün bu desga dünýäniň esasy tehniki serişdelerini öndürijileriň döwrebap rentgen enjamlary, kompýuter ulgamy, radiasion gözegçilik enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Ymamnazar gümrük nokady arkaly Türkmenistandan Owganystana nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, beýleki ýükler hem-de beýleki...

Türkmenistanda desgalary gurmak boýunça şertnamalaryň 80 göterimi ýerli kompaniýalara tabşyrylar

Türkmenistanyň çäklerinde desgalary we binalary gurmak barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan  azyndan 80 göterimini ýerli gurluşyk kärhanalary amala aşyrmaly. Bu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararynda göz öňünde tutulýar. Resminamada bellenilişi ýaly, bu...

Seýdiniň NGIZ-da Ýewro-5 kysymly benzin öndürmek boýunça desgany oturtmak işi tamamlanyp barýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Ýewro-5 kysymly benzini öndürýän desgada gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda desgada tehnologik prosesleri awtomatik usulda dolandyrýan ulgamy birikdirmek we sazlamak işleri, tehnologik enjamlary opresslemek (bug sütüni, reaksiýa kameralary we ş.m.), elektrik hereketlendirijileri we nebit sorujylaryny barlamak işleri alnyp barylýar. ЛЧ-З5-11/1000  katalitik riforming desgasynyň taslama kuwwaty ýylda 500 müň...

Türkmenistan nebitgaz toplumyny ösdürmekde Kataryň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan nebitgaz toplumyny ösdürmekde Kataryň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu barada aýdyp, ÝET ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Ý.Kakaýewe birnäçe möhüm tabşyryklary berdi. Milli energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanda nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Nebitgaz enjamlaryny öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Uglewodorodlary...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňümizdäki möhüm çärelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagynyň jemleri hakynda habar berildi. Nýu-Ýorkda (ABŞ) açylan bütindünýä forumynyň gün tertibine syýasy, ykdysady we gumanitar häsiýetli möhüm...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan...

Türkmenistan Belarusdan Garlyk DBT-nyň gurluşygyny tamamlamak boýunça çäreleri görmegi soraýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen premýer-ministriň orunbasary A.Kalininiň ýolbaşçylygynda Belarus Respublikasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi, diýip Turkmenportal habarlar saýty habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy maslahatlaşyldy. Türkmenistanda belarus kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän aýry-aýry taslamalara aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, şol taslamalaryň içinde...

Türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini ugradýan terminalyň gurluşygy tamamlanyp barýar

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalda enjamlary oturtmak işlerini alyp barýarlar. Germaniýanyň we Italiýanyň öňdebaryjy öndürijileriniň öndüren senagat kompýuterleri, monitorlar, prosessorlar, nasoslar, işlediş apparatlary ýaly enjamlary oturtmak işi türkmen-owgan serhediniň golaýynda gurulýan, kuwwatlylygy ýylda 540 müň tonna barabar bolan terminalyň gurluşygynyň tamamlaýjy...

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi we onda sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynda  işleriň ýagdaýy hem-de...

Özbegistan we Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleýär

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri Daşkentde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisinde seredilip geçildi, diýlip Interfaks Özbegistanyň hökümetiniň habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär. «Iş toparynyň mejlisinde Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky barha ýokary depginlere eýe bolýan haryt dolanyşygyny mundan beýläk hem artdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport-import nomenklaturalaryny giňeltmek meseleleri ara...

HBS: OPEK döwletleri Alžirde geçen duşuşygyň dowamynda nebit çykarylyşyny çäklendirmegi ylalaşdylar

Reuters-iň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, OPEK nebitiň çykarylyşyny bir günde 32,5 mln barrele çenli azaltmak kararyna geldi. Bu görkeziji awgustdakydan 2,7 göterim azdyr (bir günde 33,4 mln barrel). Şeýle hem, her ýurt üçin nebit çykarmaklygyň derejesiniň noýabrda geçjek resmi duşuşykda kesgitlenilmegine garaşylýar. Petromatrix-iň analitigi Olwýe Jeýkobyň bellemegine görä, häzir bazarlar duşuşygyň nebitiň bahasyna nähili täsir...

BMG Aşgabatda halkara söwdanyň statistikasy boýunça sebit maslahatyny geçirýär

27-29-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda harytlaryň we hyzmatlaryň halkara söwdasy boýunça statistika maglumatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sebit maslahaty geçirildi. Maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guraldy. Maslahatyň işine BMG-niň Statistika bölüminiň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri, Gazagystanyň  hem-de Hindistanyň ykdysadyýet we  söwda döwlet edaralarynyň hünärmenleri...

Dünýäniň öňdebaryjy nebit öndürijileri Alžirde OPEK-iň forumynda ylalaşyk gazanmak isleýärler

26-28-nji sentýabrda Alžirde Halkara energetika forumy geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde OPEK guramasyna girýän döwletleriň resmi däl duşuşygy meýilleşdirildi. Şol duşuşykda nebiti çykarmagyň derejesini peseltmek babatdaky gepleşikleri gaýtadan dikeltmeklige garaşylýar. Şunuň bilen bir hatarda bilermenleriň aglabasy nebiti çykarmagyň derejesini çäklendirmek boýunça ylalaşyklaryň OPEK-iň çäklerinde gazanylyp bilinjekdigine şübhelenýärler. Galyberse-de, Eýran bilen Saud Arabystanynyň garaýyşlary bu ýerde esasy hökmünde...

Üstünlik – yhlasly zähmetiň netijesi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň başyndan bäri 32 million manatlyk hyzmat gurnaldy, 8 aý üçin meýilnama 122,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem sütünleri sementlemek boýunça işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýerde 22 göterim derejeli ösüş meýilnamalaşdyrylan sepgitden has artyk boldy. «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň...

Uzynada guýusynda 4500 metr çuňluga ýetildi

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän möhüm ähmiýetli Uzyndada meýdanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje barlag-buraw müdirliginiň işgärleri täze uglewodorod ýataklaryny tapmak maksady bilen ýurduň taryhynda ilkinji aşa çuňlukdaky guýyny burawlamagy dowam edýärler. Guýynyň taslama çuňlugy 7150 metre barabardyr. Şeýle jogapkärli iş «Gaýrat» medalynyň eýesi, tejribeli burawçy Annatuwak Saparowyň ýolbaşçylygyndaky topara tabşyryldy. Häzirki wagtda burawçylar 4500 metr çuňluga ýetdiler. Bu çuňluga...

2014