Täzelikler

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük...

Prezident TOP ugty boýunça halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek boýunça çäreleri gördi

Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça iri halkara elektroenergetika taslamalaryny durmuşy geçirmegi tizleşdirmäge gönükdirilen çäreler kesgitlenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu ugruň aýratyn müdirlige bölünmegi TOP elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň...

Ýewropa öz gazynyň çykarylyşynyň pese düşmegi netijesinde STG-niň importyny artdyrýar

Ýewropa bazarlary geçen ýylda dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) teklibiniň artyk bolmagynyň peselmegine ýardam etdi, diýip Interfaks Global Gas Analytics (GGA) synyna salgylanyp habar berýär. ÝB-de STG-niň importynyň umumy möçberi 2019-njy ýylda 75 mln tonna çenli artdy, bu bolsa 100 mlrd kub metre deň. 2018-nji ýylda bu görkeziji 62 mlrd kub metrdi. Geçen ýylda ÝB-niň importynyň...

Balkanabat NOHOM Türkmenistanyň nebit pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýar

Nebiti çykarmakda we gaýtadan işlemekde islendik bölümiň hünärmenleri ýokary hünär taýýarlygyna, oňat bilime eýe, şeýle hem azyndan, professional programma üpjünçiligine eýe bolmalydyr. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň meşhur okuw binalarynyň biri hem «Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebit orta hünär okuw mekdebidir (BNOHOM). Her ýylda bu okuw edarasynda hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça 1,3 müňden gowrak talyp bilim alýar, şol...

Türkmenistan we Wengriýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisiniň gün tertibinde energetika ileri tutulýan ugur boldy. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Şu jähetden türkmen gazyny Ýewropa ibermegiň mümkin bola ugry hökmünde Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyna garalyp geçildi. Şeýle hem gazhimiýa we Türkmenistanda polimerleriň önümçiligi ulgamynda taslamalar maslahatlaşyldy. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş...

«Galkynyş» käni üçin suw arassalaýjy toplum

Nebitgaz pudagynyň çig mal serişde binýadyny ösdürmek bilen bagly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri hem dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek bolup durýar. Tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakda, arassalamakda we gaýtadan işlemekde kömekçi pudaklar hem möhüm rol oýnaýar. Şolaryň biri hem «Marygazçykaryş» müdirliginiň suw üpjünçilik edarasy bolan «Galkynyş» suw arassalaýjy toplumydyr. Bu iri suw...

«Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlyklarynyň täze orunbasarlary bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlyklarynyň täze orunbasarlaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu wezipede işlän Bäşimow Nepes Kadyrgulyýewiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Tejimowiç Rozyýew «Türkmengeologiýa»...

Kawasaki Heavy Industries ЕСО-93 benzini öndürýän zawody dolandyrmak boýunça «Türkmengazyň» maslahatçysy bolar

Kawasaki Heavy Industries ýapon kompaniýasy Owadandepedäki zawody dolandyrmakda maslahat bermek hyzmatyny üpjün edýär. Bu çözgüt Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken resminamasy bilen berkidildi. Hususan-da, mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, gazhimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, degişli pudaklara dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan...

Ýaşyldepe käninde uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşy artýar

Geçen ýyl Ýaşyldepe käninde gazylyp alnan nebitiň möçberi 200 müň tonna ýetip, göz öňünde tutulýan meýilnamadan köp alyndy. Ýaşyldepede zähmet çekýän hünärmenler şu ýyl hem görkezijini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Ýaşyldepe nebit ýatagy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna (SNGIZ) çig maly ugradýan öňdebaryjy kändir. Ýylyň başyndan bäri kärhana 10 müň tonna çig...

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Hytaýa 47,9 mlrd kub metr gaz eksport edildi

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa – Hytaý transmilli gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 47,9 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua agentligi PetroChina West Pipeline Company-nyň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär. 2018-nji ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa iberil gazyň möçberi 47,49 mlrd kub metre barabar bolup, onuň aglaba bölegi türkmen tebigy gazynyň paýyna düşýär. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan –...

Daşoguz welaýatyndaky gaz geçirijileriniň enjamlaşdyrylmagy

2019-njy ýylda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýat gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylary netijeli çäreleriň birnäçesini amala aşyrdylar, şolaryň hatarynda — ilatyň gaz bilen üpjünçiligi, gaz geçirijileriniň düýpli tehniki hyzmaty, welaýatyň çäginde torlaryň we desgalaryň ulanylyşy bar. Bu günki gün müdirligiň gazçylary umumy uzynlygy 13 müň km bolan dürli basyşly gaz geçirijilerine, şeýle hem 4750-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz...

EIA OPEC+ ylalaşygynyň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyna garaşýar, nebitiň bahalarynyň çaklamasyny ýokarlandyrýar

OPEC+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirerler, diýip ABŞ-nyň energetiki maglumatlary boýunça müdirligi (EIA) hasaplaýar. Bu barada Interfaks habar berýär. «2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda OPEC döwletleri we nebiti öndüriji beýleki döwletler 2018-nji ýylyň dekabrynda ilki yglan edilen önümçilik möçberlerini has hem düýpli çäklendirýändiklerini yglan etdiler. [...] OPEC+ çäklendirmeler 2020-nji ýylyň martynyň ahyryna çenli güýjünde...

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar – ÝB-niň wekili

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de türkmen gazynyň kabul edilmegi energetika howpsuzlygy ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ähmiýetine bagyşlanan maslahatda aýtdy. Şoňa görä-de, bu taslamany täze Ýewropa komissiýasy ýakynda ileri tutulýan energetika taslamalarynyň täzelenen sanawyna girizdi....

Gurbanguly Berdimuhamedow: iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi — Owganystanyň dikeldilmeginiň esasy şerti

Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» addy bilen geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystana parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak...

2014