Täzelikler

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumynda we himiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplanylan işewürlik gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp,...

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary pandemiýa we dünýä ykdysady çökgünligine garşy göreşi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda koronawirus pandemiýasy şertlerinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda,...

«Zähmet» bekedi gazçylary arassa agyz suwy bilen üpjün edýär

Ilaty we kärhanalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň biri. Bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi, iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy. Şolaryň hatarynda suw üpjünçiligi boýunça müdirligiň «Zähmet» bekedi bar. «Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik bölümleri birnäçe ýyldan bäri üstünlikli ulanyşda bolan suw bekedi bilen hyzmatdaşlygy işjeň berkidýärler we giňeldýärler....

OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri nebit bazaryndaky ýagdaýlary maslahatlaşdy

OPEC+ ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystanyň, Nigeriýanyň, Wenesuelanyň ministrleri resmi däl telekonferensiýanyň barşynda nebit bazaryndaky ýagdaýlary maslahatlaşdy, diýip TASS habar berýär. Duşuşyga gatnaşyjylar 12-nji aprelde gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmäge taýýardyklaryny  tassykladylar we ýagdaýy maslahatlaşmak hem-de gözegçilikde saklamak üçin şeýle konferensiýalary yzygiderli geçirmäge çagyrdylar. Duşuşygyň öň ýanynda Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy Fatih Birol bazardaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin...

WTI-niň bahalary taryhy minusa düşmeden soňra ýene-de položitel ýagdaýda geldi

«WTI» söwda belgili nebitiň bahalary sişenbe güni barreli üçin 1,5 dollara galdy. Öňküsi gün onuň bahasy otrisatel görkezijä düşüpdi. Şol bir wagtda «Brent» söwda belgili nebit 25 dollardan satylýar, diýip Interfaks habar berýär. Sişenbe güni WTI-niň maýdaky fýuçersleri soňky gün satylýar. Şol bir wagtda WTI-niň iýun aýyndaky şertnamalary 8 göterim gymmatlap, 22 dollardan ýokarda bahalandyrylýar. Duşenbe güni pursatlaryň...

Türkmenistan «Fitch Ratings» reýting agentligi bilen şertnama baglanyşmaga taýýarlanýar

Türkmenistan maliýe halkara derejesini kesgitlemek babatda «Fitch Ratings» halkara agentliginiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň özbaşdak reýtingini almak boýunça teklipler taýýarlanyldy hem-de bu agentlik bilen degişli şertnamany baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar. «Fitch Ratings» iň iri halkara...

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy kämilleşdirilýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologiki maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary...

Türkmenistan we Günorta Koreýa wideoaragatnaşyk arkaly Işewürler geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taslamalaryny maslahatlaşdy

Şu gün Aşgabatda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Maslahatyň barşynda gazhimiýa desgalaryny we deňiz suwunyň arassalanmagy boýunça zawodlaryň gurluşygy, gämi gurluşygy we deňiz tehnikalary ulgamynda, şeýle-de maglumata ygtyýarlyk merkezleriniň döredilmegi we demirýol ulgamynyň hünärmenleri üçin okuw sapaklarynyň...

Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän nebit önümleriniň önümçiliginiň depginini we olaryň eksport möçberlerini barha artdyrýar. 2020-nji ýylyň geçen üç aýynda SNGIZ-de 135,5 müň tonna önüm gaýtadan işlenildi. Geçen döwürde benziniň önümçiligi 68,3 müň tonna barabar boldy, önümçilik meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi. Birinji çärýekde dizel ýangyjynyň önümçiligi 40 müň tonna deň...

BSG girmegi Türkmenistana bäsdeşlik artykmaçlyklaryny peýdalanmagyna mümkinçilik berer: Hökümet topary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar. Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli...

HSB eksport harytlarynyň wirtual sergisini gurnamakda Türkmenistana ýardam berer

Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň...

Bag ekmek boýunça çäreler dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýazky bag ekişlik çäreleri dowam edýär. «Daşoguzgazüpjünçilik» we «Daşoguzgazçykaryş» müdirlikleriniň işgärleri hem bu ählihalk çäresinden çetde durman, bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar. 150 sany awtomobile hyzmat etmäge ukyply Daşoguz-Köneürgenç AÝGB-niň töweregindäki çäklerde miweli we pürli agaç nahallarynyň dürli görnüşleri oturdyldy, dikeldiş işleri geçirildi. Bag nahallary oturdylan ýerlerde damjaly suwaryş ýola goýuldy....

«Türkmennebit» DK: goşmaça çykarylýan nebitiň möçberleri artdyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk hem ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitçileriniň öňünde täze känleri işläp taýýarlamagy çaltlandyrmak, ulanyşdaky meýdançalaryň öndürijiligini artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny toplumlaýyn mehanizirlemek we awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler durýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki känleri özleşdirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde «Türkmennebit» DK-nyň geçiren degişli işleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt...

Türkmenistan eksport mümkinçiliklerini wirtual sergide görkezer

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we bu baradaky teklipleri beýan etdi. Häzirki döwürde elektron sergi internet ulgamynda giňden ýaýrandyr....

2014