Täzelikler

TOPH we “Gündogar-Günbatar” taslamalary dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Geçen 2015-nji ýyl şanly wakalaryň hataryna beslendi. Giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyndan başga-da, dekabr aýynda gurluşygyna badalga berilen Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi (TOPH) hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalary, şeýle hem Balkan welaýatynda “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisini ulanmaga bermegiň dabarasy şol wakalaryň ýatdan çykmajaklary bolandygy şübhesizdir.         Esasy habarlar agentlikleri tarapyndan...

Habar beriş serişdeleri üçin

Gaz senagatyny ösdürmek Türkmenistanda häzirki wagtda möhüm ähmiýete hem-de bütinleý täzeçil häsiýete eýe bolýar. Şeýle özgertmeler ilkinji nobatda gaz ulgamynyň işjeňliginiň köpugurlaýyn giňeldilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir türkmen tebigy gazyny gazyp almak hem-de ony eksport etmek barada däl. Eýsem, şonuň bilen bir hatarda gazy gaýtadan işleýiş, gaz-himiýa senagaty hem ýokary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 21-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Estoniýadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Maltadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 719 müň...

LifeNews: TOPH taslamasy — ýylyň energetika ulgamynda bolup geçen möhüm wakalarynyň hatarynda

13-nji dekabrda gurluşygy badalga alan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Russiýanyň belli habarlar teleýaýlymy bolan LifeNews-yň garaýşy boýunça 2015-nji ýylda dünýäniň energetika ulgamyndaky möhüm ähmiýetli wakalarynyň sanawyna girizildi. Ýylyň netijelerini jemlemek bilen, LifeNews energetika ulgamyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň sanawyny düzdi we ony 30-njy dekabrda teleýaýlymynda, şeýle hem adybir internet-portalynda giň köpçülige ýetirdi. Geçip barýan ýylyň iň ähmiýetli...

TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky täsirli ädim

Taryhy wakalaryň ikisiniň wagty boýunça gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar –Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilen günleri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga bermegiň dabarasy bolup geçdi. Eger pugta oýlansaň, bu wakalaryň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny görmek bolýar.    Çünki,...

2014