Täzelikler

Marynyň gaz kärhanasynyň bagbanlary limon hasylyny ýygnadylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny üpjün etmek boýunça Müdirligiň Mary №2 bazasynyň bagbanlary kärhananyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen limonyň bol hasylyny ýygnadylar. Köp ýyllaryň dowamynda kärhananyň bagbanlary bu peýdaly sitrus ösümliginiň hasylyny ýetişdirýärler. Olaryň limon nahallaryny oturtmak hem-de suwaryş işleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Netijede bolsa bagbanlar kärhananyň işgärlerini ter limon bilen doly üpjün edip bilýär. Witamine baý bolan...

RF ýanwaryň ahyrynda OPEC we OPEC däl döwletleriň nebit çykaryşyna gözegçilik boýunça komitetiň maslahatyny geçirmegi teklip edýär

Russiýa 2017-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda OPEC we gurama degişli däl döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmeklige gözegçilik etmek boýunça komitetiň maslahatyny geçirmegi teklip edýär, diýip ТАСС RF-ip energetika ministri Aleksandr Nowaka salgylanyp habar berýär. Nowak şeýle hem Russiýanyň içinde nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça iş toparynyň şu duşenbede maslahatyny geçirendigini habar berdi. iş toparyň düzümine Russiýada nebit çykarylyşynyň 90...

OPEC-iň nebit sebedi arzanlady

OPEC-iň nebit sebediniň bahasy 20-nji dekabrda bir barrel üçin 51,99 amerikan dollaryna barabar boldy. Ol duşenbedäkiden görkezijiden 0,19 dollar azdyr, diýip Trend gurama salgylanyp habar berýär. Agentligiň bellemegine görä, nebitiň dünýä boýunça bahalary çarşenbede ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklarynyň birden peselmegi barada Amerikanyň nebit institutynyň (API maglumatlarynyň esasynda ýokarlanýar. 11:38 wagtda çenli Brent kysym;y demirgazykdeňiz nebit markasynyň fewraldaky...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň  nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň netijeleri, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna berlen bazarlary Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri tarapyndan hususylaşdyrmagyň meseleleri boýunça...

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň işjeň çärelerine ýokary baha berdi

Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti Türkmenistana nobatdaky saparynyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri bilen tanyşdy. Iri maliýe düzümiň bilermenleri makroykdysady ýagdaýa baha berdiler hem-de döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri we diplomatik bileleşiginiň wekilleri bilen milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. HPG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Martin Sommer Aşgabada saparynyň jemleri boýunça metbugat üçin beýannama berdi. Onda daşary...

Sebit bilermenleri Aşgabatda Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdylar

2016-njy ýylyň 14-15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy: Merkezi Aziýada energetika howpsuzlygy boýunça meseleler» atly bilermenler derejesindäki sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Demirgazyk Atlantika Şertnama Guramasynyň (NATO) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara hyzmatdaşlyk boýunça edarasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk...

Birleşen hereketlendiriji gurluşyk korporasiýasy energetika boýunça iň täze güýç desgalaryny Türkmenistana getirer

Birleşen hereketlendiriji gurluşyk korporasiýasy (RF-iň Rosteh döwlet korporasiýasynyň düzümine girýär) Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen energetika pudagy üçin güýç desgalary ulgamynda birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada korporasiýanyň saýtynda ýerleşdirilen BHGG-niň metbugat gullugynyň press-relizinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, BHGG-niň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi 7-9-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» atly 21-nji Halkara...

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirligi «mawy ýangyjyň» önümçiligini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirligi ýylyň başyndan bäri 128,8 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürdiler, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr. Şeýle hem müdirlik Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin ilkinji nobatdaky çig mal bolup durýan gaz kondensatyny öndürmekde hem üstünlikler gazandy. Geçen 11 aýda müdirlik tarapyndan 94,8 müň tonna gaz kondensaty öndürildi. Bu hem bellenilen meýilnamadan...

TOPH Owganystana energiýa ýetmezçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder we senagatymyzy dikelder – pakistanly syýasatşynas

Pakistan häzirki günde taryhynda iň ýiti energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýär. Türkmen gazyny ýurdumyza getirjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bu meseläni çözmäge ýardam eder, diýip pakistanly syýasatşynas, Eurasia Media Network-yň baş redaktory Malik Aýýub Sumbal hasaplaýar, diýip Trend azerbaýjan agentligi habar berýär. «Pakistan energiýa ýetmezçiliginiň iň aýylganç görnüşine gabat geldi we...

«Türkmenistan-ABŞ» Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan-ABŞ» Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasy, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşi forumy grnaýjylar bolup çykyş etdiler. Geňeşiň işine gatnaşmak üçin ABŞ-dan uly wekiliýet geldi. Onuň...

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 2017-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynda güýçli syýasy erki bolan şahsyýeti saýlamaga çagyrýar

«Garaşsyz Diýarymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp gitmekde örän paýhasly, güýçli syýasy erki bolan, dünýä ýagdaýlaryna çuň düşünýän hem-de her bir meselede türkmen halkynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitlerine laýyk çözgütleri tapmagy başarýan şahsyýeti döwlet Baştutany wezipesine saýlamak şu günki gün biziň öňümizde durýan örän möhüm wezipedir». Bu barada maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň onuň ähli agzalaryna...

2017-nji ýyldaky Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna ilkinji dalaşgär hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenildi

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň fewralyndaky Prezident saýlawlarynda döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenildi. Bu çözgüt 14-nji dekabrda Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Demokratik partiýanyň maslahatynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň geňeşi degişli Karary kabul etdi we ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugradyldy. Maslahatyň dowamynda...

Merkezi Aziýa gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, Türkmenistandan Hytaýa 152,9 mlrd kub metr gaz iberildi

Şu gün Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenine ýedi ýyl bolýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda onuň dabaraly açylyşy boldy. Hut şol sene hem taryhy wakany — Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilenini dabaraly bellemek maksady bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmensitanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy hökmünde...

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda dabaraly çäre geçirildi. Onda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň çäklerinde maslahat hem-de baýramçylyk konserti geçirildi. Dabaraly çärä ýurduň ähli künjeginden nebitgaz toplumynyň işgärleri ýygnandy. At gazanan nebitçiler, gazçylar, geologlar we toplumyň beýleki işgärleri hünär baýramçylygynyň esasy gahrymanlary boldular. Bu dabaraly günde olara pul baýraklary,...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Sizi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.  Siziň ýadawsyz hem-de tutanýerli zähmetiňiz netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy.  Eziz Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan...

2014